Şahyryň halallygy
Şahyrlyk söz owadanlamagy we aýdylmaly zady aýtmazlygy öwrenmek däl. Obrazly aýtmaly bolsa, şahyr çöl-beýewandaky demirýol liniýasy bilen asfalt ýoluň çatrygynda, çaga arabasynda taşlanyp gidilen akyllyja bäbek. Ol uzakdan gelýän otlynyň sesini eşitmezden öň sarsgynyny duýýar we onuň ’hä’ diýmän bu çatryga-da gelip ýetjekdigine, şol bir wagta-da ony hiç bir saklajak zadyň ýokdugyna düşünýär. Şu gyssagarada onuň edip biljek zady kän däl: reallygy unudan ýa bilmedik bolup, ejesiniň çaga arabasynda elýeter ýerden asan oýunjaklaryna güýmenmeli we, howsalasyny basmak üçin, aldygyna agzyndaky boş emzigi sormaly, ýa-da öz gysgajyk ömrüni halallamak üçin bar güýjüni toplap, sesi otlynyň sesini basyp, hudaýyň gulagyna ýeter ýaly, gara güýje garşy pitne turzup gygyrmaly, aglamaly. Bu ýerde real durmuşdakydan tapawutly bir ýagdaý bar, biziň diýýän otlymyz - Wagt hiç wagt durmaýar, onuň tormuzy ýok we çaga bol, uly bol, barybir öz aşagyna düýrüp, öňünde duranlaryň ählisiniň üstünden geçip gidýär. Ýöne onuň öňünde balagyny hapalaman, ýumrugyny düwüp, başardygynda pitneçilik eden, gygyran ýa bolmanda ses edip aglan bäbekleriň sesi, Magtymgulynyň goşgulary ýaly, ençeme asyrdan soňam eşidip biljege eşidilýär. Oýunjaga güýmenenleri ýa boş emzik soranlary hiç kim bilmeýär.