Halypa gutaranda
Ýaşdyk, dirileriň arasynda çyndan sylaýan iki ýazyjy-şahyrymyz bardy, ýogalanlaryň arasynda ýaş giden birine aýratyn hormat goýardyk. Emma ol iki şahyryň biri, partiýa halap, halk deputaty bolan, akademiklik ýetmänsoň, ýüreginden tutdy-da, biwagt gitdi. Gaty gynandyk.
Ikinji şahyr bilen gatnaşygymyz has gowudy. Onuň bilen guma, köne ýurt ýeriniň golýanyndaky garry gonamçylga baryp, gyrasynda ot ýakyp, ýaýan güne seredip oturmagy gowy görerdik. Ol 37-38-nji ýyllarda, dokuz ýaşly oglanka kakasynyň tussag edilişini, obadaşlarynyň ata-baba oturan ýurt ýerinden başga ýere zor bilen göçürilişini ýatlap, gözlerinden boýur-boýur ýaş dökerdi. Gaty gynanardyk.
Emma birden başga döwür geldi. Halypamyz birinji başlygyň goltugyna girip, "patyşa, soltan ýasamak" kampaniýasynyň baýdak göterijisi boldy. Indi onuň ýigrendigi bizdik. Megerem şu ýigrenç ony ömür ýetmedik derejesine, sekretar gelinli kabinete hem sürüjili maşyna ýetirdi. Ol öň kompartiýanyň howandarlygynda çykýan gazetleriň köp ulanýan ýasama sözlerini, şol sanda partiýadan çykarylýanlara aýdylýan "wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp" diýen jümläni ýaňsylamany gowy görerdi. Emma stol eýesi bolansoň, ýedi başly kel ekleýän ýaly, ýokarkynyň adyny ulanyp, baran ýerinden goparmagy, ýolmagy pişe edindi...
Ýaşlygyndan partiýa halap, deputat bolan halypamyzyň biwagt gidenine gynanyp ýördük, emma diri galanyň düşen gününi görüp, oňa gynamamyzy goýduk. Ýöne soň, türme, sürgünlik şatysyny görüp, görmedik, tirkeşmedik halypamyzdan hem göwnümiz geçdi. Sebäbi onuň partiýadan gorkup ýa şöhrat, wezipe üçin, dälihana taşlanan kärdeşini soramaga baryp bilmänini bagyşlap bilmedik....