Dymyşlygyň sebäbi
Bir şahyr "dostlarym meni götergiläp, ýokary-ýokary zyňyp, oklap-gapyp oýnadylar, emma bir gün has ýokaryk zyňyp, gapman, aşagymdan gaçdylar" diýip ýazypdy. O şahyryň dostlary maňa garaşsyzlyk ýyllarynda dörän az wagtlyk watançylary ýatladýar. Olar iliň atyny, itini öwdüler, halysyny, palasyny, keçesini, goýnuny, geçisini, düýesini öwdüler, özüni öwdüler, taryhyny, şu gününi, geljegini wasp edip, ýerde-gökde goýmadylar, ýokaryk-ýokaryk zyňdylar. Olar, hamala, öz aralarynda ýaryşa giren ýalydylar. Ýöne ol il ýokardan aşaklygyna gaýdanda, ýere gaçyp, tot-tozana garylarly bolanda, olar ony ýere degirmän gapmagyň aladasyny etjek bolmadylar, daşraga gaçjak boldular. Ýöne gaçara ýer ýokdy. Onsoň olar başardan ýerinde başgalary günälediler, bolmasa-da dymdylar.