Surat

Adam we senzura

Adam, meger, içindäki pikirini açyk aýtmagy däl-de, aýtmazlygy, özüni senzura astynda saklamagy köp öwrenýär. Bu onuň söz, pikir aýtmak ukybynyň ösmeginiň öňüni alýar, belki-de ony öldürýär. Ýöne onuň hudaý tarapyn berlen aýtmak, diýmek, bolmanda aýdandan, diýenden bolmak islegi saklanyp galýar. Onsoň adam, eger açyk ýagdaýda bolsa, öz aýdasy gelýän zadyny däl-de, köplügiň goldaýan, bolmanda garşy çykmajak zadyny aýdan bolýar. Emma adamyň ýapyk ýagdaýda, anonim görnüşde pikir aýtmak mümkinçiligi hem bar. Ýöne özüni köp senzura astynda saklan adam köplenç anonim halda-da öz pikirini gowy aýdyp bilmeýär. Has anygy, onuň anonim pikirleri hem beýle bir original, özboluşly bolup çykmaýar. Belki, bu onuň içki senzuradan anonim ýagdaýda hem sypyp, gutulyp bilmezligindendir. Belki-de, uzaga çeken senzura onda original pikir goýan däldir. Ýa bu ýerde biziň düşünmeýän başga sebäplerimiz bardyr. Emma bir zat belli, ilki emedekläp, soň ýörjen-ýörjen bolmagy, ýöremegi, ylgamagy, ýykylmagy, turmagy, soň tigir sürmegi... öwrenişimiz ýaly, biz pikirlenmegi, pikir aýtmagy hem yzygiderli öwrenmeli, ösdürmeli bolsak gerek. Ýöne beýle ösüş, her näçe gynansak-da, diňe bir adamyň gürledilýän, ýa onuň aýdandygy aýdylyp, başgalaryň el çarpmagy ýa baş atmagy, bolmanda sesini çykarmazlygy talap edilýän jemgyýetinde mümkin däl.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024