Surat

Swetofor we diktatura

Her gün irden ýola çykamda swetofor, aýlawly çatryk diýlen zatlary tapanlara sagbol aýdýaryn. Sebäbi bular bolmasa, ýoldaky hereketi göz öňüne getirmek mümkin däl. Öň bir gezek adamyň iň gowy tapan ýa döreden zady kanun, çünki ol adamlary bir-birinden goraýar diýip eşidipdim. Soň kanunlaryň, kagyz ýüzünde galanda, iň biderek zada öwrülýändigine kän şaýat boldum. Ýöne bu swetofora, aýalawly çatryga hem degişli. Çünki olar diktatura şertlerinde netijesiz boýar: gözi gyzaran diktator ne gyzyl çyrany, ne beýlekini görýär. Ol maşynyny çaga-çuga, aýal-ebtat, göwreli gelin ýa garry-gurty diýmän üstünden sürýär hem gaçyp göni gelen ajaldan gutuljak bolýanlara hezil edip gülýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024