Adam sylagy
Kä adamy diňe gowy tanaýançaň sylarsyň, sebäbi azda-kände gowulyk tamaň bardyr. Emma ýakyndan tananyňdan soň, oňa bolan bar sylag-hormatyň gaçar, gowulyk tamasyny-da etmersiň. Tersine, ýakynyňa getireniňe, dözümsizlik edeniňe gynanarsyň hemem garaşmaýan wagtyň ahmal ýeriňden urmagyna garaşarsyň.