Maryly gelniň dilegi
Awgust, 1995. Aşgabat. MHM-niň Deslapky tussaghanasynyň ýeňse gapysy. Tussaglara azyk geçirmäge gelenleriň uzyn nobaty.
- Doganjygym otyr, Muhammet Myratly bilen bir kamerada... Balygy gowy görýärdi. Düýn ýüwürjimi iberip, Murgapdan ýörite tutdurdym. Bir bölejigini datsa-da razy... Arada bir bedre gowurdak geçirdim. Geçen aý swidaniýa berenlerinde sorasam, barmandyr. Şu gapydan kamera barýança-da ogurlap bilýärler... Dükançydy, tutulanda egninde täzeje sport formasy bar eken. "Bärde geýme muny" diýip, çykardyp alaýypdyrlar. Sagadynam alypdyrlar. "Garyndaşlaryňa bereris" diýipdirler. Biz-ä berlen zat ýok... Her aý Marydan irki otluda gelip, agşamkyda yzyma gaýdýan. Öler jany balykdy, gowrupjyk getirdim. Bir bölejigi özüne barsa-da razy... Otluda ýolboýy hudaýdan dileg etdim. "Ýüreklerine rehim sal, Allajan, ynsap ber şulara-da?!" diýip ýalbardym. Gowurdakdan-a bir dogramça-da bermändirler...
(Waşington. 2015. Baýramgüliň gürrüňlerinden)