Oba we toba meselesi
Adam uzak ýyllardan soň bir aý möhlet bilen ýurduna goýberildi. Emma dogduk obasynda iki hepde bolup, yzyna - çagalarynyň ýanyna howlukdy. Gelip, köçede ilki duşan tanşyna içini dökdi:
"Garry daýym, gözleri görmekden galan, käýindi oturdy. ’Gepleme, hiç zat gepleme, hökümet bilen hiç işiň bolmasyn’ diýip, öliň sargydyny sargady. ’Bolýa, geplemäýin’ diýsemem ýakamy goýbermedi. Şol bir diýenini gaýtalap, gulagymy kamata getirdi. Hoşlaşyp, çykyp barýarkamam yzymdan gygyryp galdy: ’Hiç sesiň çykmasyn!’ diýdi..."
Ol ertesi ikinji tanşyna hem içini dökdi: "Hiç çagalarymy soran bolmady?.."
Ikinji tanşy: "Olar öz çagalarynam soranok" diýip, ajy ýylgyrdy.
Adam üçünji tanşyna hem içini dökdi: "Biri ’siziň, daşaryk gidenleriň içinde hiç toba etjegi ýokmy?’ diýdi."
"Sen näme diýdiň?"
"Menmi? ’Nämä toba edeýin, ogurlyk etdimmi, ýalan sözledimmi?’ diýdim."
"Onda seni obaňda ölmäge goýbermezler!"