Alaýmaly alkyş
Bergende, Norwegiýada ýaşaýarkam kerkukly türkmenlerden bir zat öwrendim: olar adam asgyranda "Çoh ýaşa!" diýýärler. Asgyran adam bu söze "Sen-de gör" diýip jogap berýär. Türkler bolsa "Sen-de gör" diýene "Hep beraber" diýip jogap berýärler. Netije - iki tarap hem yzak ýaşamaly!
Bizde, Türkmenistanda asgyrana "Sabyr et" diýýärler. Asgyran muňa, ýalňyşmasam, diňe "Sag bol" diýmek bilen çäklenýär. Ýöne bizde "Arma" diýip bir ýörgünli söz bar, bu söze "Bar bol" diýip jogap berýärler. Netije - iki tarap uzak ýaşamaly. Kerkuklylar "Arma-Bar boly" bilmeýärler.
Meniňçe, olaryň "Çoh ýaşa - Sen-de göri" biziň "Arma - Bar bolumyza" meňzeş. Sebäbi bu ýerde iki tarap hem utýar. Dogry, "Sabyr et - Sag bolda" hem iki tarap-da utýar, emma beýleki iki utuş maňa has owadan görünýär.