"Onuň" takdyry
Dynç günlerim çaý başynda köne aýdym-sazlarymyzy diňläp, hyýalda ýetmişinji, segseninji ýyllara, dünýäni beýle gowgada görmedik bigünä döwrüme dolanmak endijegim bar, emma ölmez-ýitmez senzura şol ýerde-de ýakamdan çalyp tutýar.
Orazgeldi Ylýasyň oglanlykdan gulagyma ornan mahmal owazy içerini doldurýar. Ýok, Orazgeldi Ylýasy, Çuwal bagşyny, Annaberdi Atdany... kompýuteriň başynda ýa diwanda oturyp däl, ýere düşüp, halynyň üstünde ýassyk tirsekläp ýa-da ýassyksyz arkan ýatyp diňlemeli.
Bu meniň soňky ýyllarda gaçybatalga edinen iň gowy meditasiýam boldy diýsem-de ulaltma bolmasa gerek. Ýat ilde, türkmen gölli, emma fabrik halysynyň üstünde arkan ýatyşyma kakam pahyry, onuň deň-duşlaryny, goňşulary ýatlaýaryn.
Olar Ýagmyr Nurgeldi goňşulara toýa gelip, biziň myhman otagymyzda uzak gijesi bilen saz çalanda, ýa-da Çary kakam bilen Aşgabatdan gelen Mäne Gara aýdym aýdanda, suw gaçan şüdügär ýaly, her sazyň, her aýdymyň arasynda sagbol aýdyp, hiç söz bilen düşündirip bolmajak lezzet alardylar.
Wagtal-wagtal Ýagmyr aganyň "Bu jennetdirini" diňläp, ol adamlaryň şonda hakykatdanam jennet hözirini görendigine ynanasym gelýär.
Indi pikir edýän, sazda senzuranyň gaýçysynyň yzy beýle görünmeýär. Emma aýdymda, sözde...
"Ýarymyň adyna Gülnahal diýrler" diýip, Çuwal bagşy bozlaýar. "Jan-eý, jan-eý, gelin-eý..." Biziň aňymyz, ýüregimiz şu aýdym-sazlar, türkmen klassykasy, dessanlary, "Görogly" eposy bilen ýugrulypdy.
Biz durmuşa diňe bazar, diňe dellallyk, öz-özüňe dönüklik diýip düşünmeýärdik, mal-dünýe ugrunda hemme zada taýyn bolmaly diýip pikir edip biljek däldik.
"Barsaň döwran ötdi diýgin daglara" diýip, Çuwal aga Döwletýar begiň ýürek zaryny getirip, nijeme ýyllardan soň öňümize dökýärdi. Dogry, o wagtlar biz Döwletýar begiň "ýolda oturyp, kerwen uranyny" aýdyp öwünmesine üns bermezdik...
"Habar alsaň bir bilbiliň dilinden,
Bilbil ýeke bolsa, gülden ne peýda?
Soramaňlar ýekeligiň halyny,
Delalat isleseň, ilden ne peýda?" - diýip, Orazgeldi Ylýasyň ýag ýaly sesi nirede bir agyrýan ýerleriňe siňýär.
"Ilden yrak çöl ülkede,
Şir saýar özün tilki-de..."
"Gulatynyň saýasynda bolandan,
Bürgüt penjesinde galan ýagşydyr...
Geçme namart köpprüsinden,
Goý, aparsyn sil seni..."
Tahyra ýalbarýan Babahan, hamala, öz başujyňa gelen ýaly, dünýä namartlygyň däl, mertligiň zerurdygyny boýun nalýar:
"Deň bolmagyn meniň kibi nadana...
Ýamanlyk edene ýagşylyk derkar..."
Söze, senede ömür beren, mal-dünýä ýesir bolmadyk talantlar yzynda asyrlyk miras, belki-de daşdan däl, emma aňda hiç ýykylmajak ýadygärlik dikýärler.
"Ähtiýajym ýok senden,
Haýa gelmez ýüzüme;
Meni bir pynhan ýerde
Gizle garagöz gelin..."
"Labyrdan çykmagym gümana,
Umman derýa, amman-amman..."
Haýsysy, aýdymyň sözlerimi ýa sazy, anyk aýdyp biljek däl, bogun-bogun sökýär, bedende, aňda sözden, kemsitmeden, belki-de dünýäniň o çetinde bir ýerde başga bir goragsyz erkege, aýala, çaga edilen zulumdan, sütemden galan zäherleri, jübtek bilen gurt aýran aýly, ýeke-ýeke aýryp zyňýar.
Soň bagşy "Haraýym Döndi" diýip bozlaýar. Onuň bilen bile çola ýerde, ah çekip aglasyň gelýär.
"Ýalançyda ýagşy-ýaman deň bolar,
Goja Mähtäjini goluňdan berme!.."
Dogrudanam şeýlemikä, Mätäji halypa, bu dünýede ýagşy-ýaman çyndanam deňmikä? Bu soragy içden, ýüregiň bir ýerinden bermek isleýäň, emma bermäge gorkýaň...
"Aklym diwanadyr yşkyň elinden,
Hiç mährim ganmady gyzdan-gelinden,
Rakyplar elinden, iliň dilinden
Bir dem nazaryňda durabuilmedim..."
"...Biajal derdiňden ölebilmedim..."
Birdenem...
"Dözebilmen, yzyň gara, galdy Arkaç, Aýnam-how...
Takdyryňdan närza bolup, ýaşa doldurma gözüň...
Men aglaman neýläýin, galdy Ata Watanym,
Galan döwran seniň bilen, galdy Arkaç, Aýnam-how..."
Ilki oglan, soň ýigit çykyp, öýlenip, ata bolup, bu agynyň soň müňlerçe türkmeniň ýüreginden dömjegini biz hiç aňymyza, kellämize getirip bilmändik.
"Kemine, goýmazlar ýar bilen ýary,
Aşykdan dat eder geleniň bary..."
Aýdym-sazyň jadysy, saz meditasiýasy kesilýär, arkan ýatan ýerimden zöwwe galýaryn: "Aşykdan?" "Aşyk nireden geldi bu ýere?.."
Ýene kakam pahyr ýadyma düşýär. Ol bir gezek radioda şu aýdym berlende, başyny ýaýkap: "Heý zamana, "pelek" sözündenem gorkmaly boldy" diýipdi...
Kassetany çalşyrýaryn. Annaberdi Atdan ýaraly Görogly bolup, Gyrata ýalbarýar:
"On sekiz ýerimden düşdi ýaramyz,
Gyrat meni Çandbybile sen ýetir!?
Onuň takdyryna nedir çärämiz..."
Ýene saz meditasiýasynyň arasy kesilýär: "Onuň takdyry?"
Ýene başyny ýaýkaýan kakam göz öňüme gelýär. "Onuň däl-how, hakyň takdyry!" diýip, ol güljeginem, gynanjagynam bilmän aýdypdy.