Kommunistiň ýatlamasy
Öňki kommunist skaýpda içini dökdi:
"Ejem oglanlykdan gulagyma guýdy: ’Obamyza gan çaýkandyr, orsa ynanmagyn, oglum!..’ Emma ýurt eýesi orsdy, ejeň sözleri gulagyňda ýaňlanyp dursa-da, orsa ynanmakdan, ýa ynanan bolmakdan başga çäräň ýokdy... Boýun alýan, ’kommunizm gurýas’ diýlen söze çynym bilen ynanardym ýa-da gaty ynanasym gelipdi.
Ak saçly, boýny galstukly, egni penjekli mugallymlar gurlup gutaryp barýan kommunizm barada çynlary bilen gürrüň bererdiler. ’Ine, kommunizm gurlar, dükanlarda hemme zat bol bolar, pul gerek bolmaz’ - diýerdiler. Biz ol kommunizmiň basymrak gurlup gutarylmagyna çynymyz bilen garaşardyk.
Aram-aram bolsa, ’Ine, dükana bardyň, näme diýseň bar, pul gerek däl, sen näme alardyň?’ - diýip, mugallymlaryň biri sorardy.
Men bolsam, ýarym aç ösenimdendir-dä, ’gowy ýerinden on kilo et, bäş litr künji ýagy, bäş-alty kilo Daşoguz tüwüsi, birki kilo käşir, birki kilo sogan, alma-nar, çaý bilen içer ýaly gowy gaýnadylan sary nabat..’ - diýip, bir topar zady sanardym. Mugallym ol zatlaryň bir adam götererden agyrdygyny, olary nädip äkitjegimi sorardy. Men ’taksi tutaýaryn, taksem mugt dälmi?’ - diýip, onuň özüne sorag beredim. Ol meniň partadaşymy ýerinden turzup, ’aýt bakaly, sen näme alardyň dükandan?’ - diýip, şol bir soragyny gaýtalardy. Partadaşym mekirjedi: ’Men iki ýüz gram et, ýarym kilo tüwi, biraz käşir-sogan, bir çörek alardym’ - diýerdi.
’Ine, hakyky kommunizmde ýaşamaly adam!’ - diýip, mugallym partadaşymy öwerdi. ’Hemme zat bol bolsa, pul gerek däl bolsa, häzirki ýaly, dükana baryp, puluň ýeten zadyny almak gerek däl, haçan barsaň dur o zatlar’ - diýip, mugallym joşup gürlärdi. Sapak gutaryp barýarka bolsa, meni mysal alyp, ’entek kommunizmde ýaşamaga aň-düşünjesi ýetmeýän, iki-ýeke açgöz adamlaryň üstünde kän işlemeli boljagyny’ aýdardy.
Emma her näçe garaşsagam, kommunizmi gurup gutarmadylar. Dükanlarda bolsa, bolçulyk däl, gytçylyk, boş tekje köpeldi. Meniň partadaşym ýaly dilde, sözde dokmäde adamlar bolsa, iş ýüzünde maňa görä has açgöz bolup çykdy.
Indi pikir edýän, biziň ynanan zatlarymyzy iň bir kemakyl, yzagalak, däli-tentek adama aýtsaň-da ynanmazdy. Emma biz partiýanyň hataryna girip, kommunist bolup, bu ýalana ynanan bolýardyk. Ýogsa garrylarymyzyň aýdan zatlary gulagymyzda ýaňlanyp durdy. Emma ynanmasaň, ýa ynanmýanyňy bildirseň, şol mekdep partasyndaky ýaly tankytlanmak, işden kowulmak, belki-de dälihana düşmek howpy bardy. Däli bolmajak bolup, däli bolan ekenik şo ýyllar..."