Ilki kömek etmedik är
Aşgabatda, "Parahat" mikroraýonyndaky dokuz gat jaýda ýaşaýarkam G. diýip bir goňşym bardy. Agajet, saryýagyz ýigitdi. Ýalňyşmasam, sekizburç papak geýerdi. Men onuň näme kärdäki adamdygyny hem bilemok. Belki, şol wagt bilendirin, emma soň ýadymdan çykandyr. Emma onuň ýigrimi ýyl çemesi mundan öň, gurbanlykdamy ýa başga bir üýşmeleňde, aşaky goňşularda saçak başynda aýdan bir gürrüňi hiç ýadymdan çykanok.
"Irden haýdap, işe çyksam, lift işlänok, içinde-de biriniň ’hyk-çok’ edýäni eşidilýär. ’Wah, bir bende içinde galypdyr-ow, men bir işden gijä galmaýyn, başga biri ussany çagyrar-da’ diýip, basganjakdan aşak ylgadym. Tä birinji gata düşýänçäm kömege mätäç goňşymyň hyk-çoky gulagyma eşidilýän ýaly boldy durdy. Ýolda, awtobusda barýarkam hem onuň pikirini etdim: ’wah, işden bäş minut gijä galanym bilen dünýe ýykylmazdy, ussany çagyryp beräýmelidim’ diýip, özüme igendim. Işde-de hiç mazam bolmady. Agşam işden gelip, çaý başynda aýalyma çeken wyždan azabymy gür berjek bolup, agzymy açanymam şoldy, ol: "irden liftde galdym, goňşulardan hiç kömek eden bolmady, ahyry bir nätanyş myhman ussany çagyrdy" diýdi. Dilime gelen ’ilki kömek etmedig-ä äriňdi’ diýen söz boldy, emma ony aýdyp bilmedim."