Gynanmaly adam

Biri aýtdy: garny aja gynanma, bir döwüm çörek tapsa iýer, tapmasa - suw içip ýatar. Kalby aja gynan, sebäbi onuň näçe mal-mülki bolsa-da, gözi doýmaz. Ýalaňaja, ýa köne-küşül, ýyrtyk-ýirik eşikli, aýakgaby tozan adama gynanma, ol tapan zadyna begener we bolany bilen mydar eder. Dünýäniň çar künjünden üstüne halta-halta eşik, aýakgap getirilýäne gynan, oňa näçe köp getirilse, şonça-da az görner. Öýsüz-öwzarsyz adama gynanma, pena tapan ýerinde ýatar, ölmese ertire çykar. Emma otag-otag jaýly, köşkli-eýwanly adama gynan, oňa bary az görner, rahat ýatara ýer tapmaz. Arassa, gowy niýetli, ile-güne ýüregi awaýan, baryny bermäge taýýar, haýyr iş etjek bolýan adama gynanma, sebäbi ol bir ýagşy söz diýseň pagyş-para bolar, başy gök dirär, içinden «Il beýik-laý» diýip, hem özünden, hem adamlardan razy bolar. Emma gara güýje daýanyp, hapa iş edýän, şol bir wagtda-da özüni öwdürýän adama gynan, ol hiç öwgüden, tarypdan doýmaz, sebäbi daşyndan hoş görünse-de, içinden olaryň çyn däldigini biler, gorkar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024