Bagyşla, eje!

1997-nji ýylda Aşgabat aeportynda sumkama harby maglumatly disk atyp "tutan" gümrük işgärini, soň bu iş dokumentleşdirilende, şaýat hökmünde protokola gol çekdirilen iki sany naçar maşgalany uzak wagt bagyşlap bilmedim.

Elbetde, men olaryň işleriniň gerekdigine, her kimiň çagasyny aç-hor etmejek bolýandygyna düşünýärdim.

"Olar bu işi öz meýillerine, isläp ýa dogry hasaplap, meni tanap ýa ýigrenip, pikirime ýa işime garşy bolup etmediler, mejbur bolup etdiler" - diýip, bu waka ýadyma düşende, içimden olary aklajak bolýardym. Emma ýüregimde agyr kine ýatyrdy.

"Işim, çagam" diýip, başga biriniň işine, başga biriniň çagasyna kast edip, nädip ýaşap bolýarka?"

Aerport operasiýasynyň aktýorlaryndan soň, ikinji orunda, men özümi bagyşlap bilmeýärdim, sebäbi gartaşan günleri ejemiň, kakamyň golaýynda bolup bilmändim, olara bir pil gumum ýetmändi, ölenrinde uzakda, sesimiň ýetmejek ýerinde aglapdym...

Ejem pahyr "adamyň hemmesi deň däl, ejizi bar, naçary bar" diýerdi (Men şol wagt ejizleriň özlerine kömek etjek bolýanlara garşy nähili ussatlyk bilen ulanylýandygy barada pikir etmändirin). Ol 68 ýaşynda ýüreginden tutup ölýänçä Tejende, mellekde işledi. Gyş aýlarynda-da üstüne klýonka ýapyp, ysmanaklaryny esli wagt sowuk urdurman saklaýardy.

Soňky ýigrimi ýylda men türkmen eneleriniň dynç alşy, has anygy hiç wagt dynç almaýşy hakynda kän pikir etdim. Olar ilki çagalaryny, soň agtyklaryny, hudaý ömür berse, çowluklaryny alada edýärdiler, ertirden agşama gydyrdanyp geçýärdiler: ýuwýardylar, artýardylar, bişirýärdiler, düşürýärdiler, umuman hiç wagt özleri üçin ýaşamaýardylar, "başgalar" üçin ýaşaýardylar.

Obadaky goňşymyz çagalaryna ýumurtga bişirip berip, "maňa-da birini goýaweriň" diýende, kiçijik gyzynyň "Wiý, eje-de bir ýumurtga iýermi?" diýşini gürrüň berip gülüşdirerdi.

Hawa-da, sol kiçijik gyzyň logikasyndan seretseň, eje-de bir özi üçin ýaşarmy?

Bergende bir kerkukly türkmenden ejeň-kakaň aýatda dirimi diýip soramda, "enem öldi, emma yrakdaky hemme eneler meniň ejemdir, barsam ellerinden öperin" diýipdi.

Men ejemiň Aşgabatdan ogly, gelni, agtyklary gelende, tamdyra gökli gutap ýapyp, çagalarynyň hezil edişine hezil edişini ýatlap, biziň enelerimiziň ilkinji bagty şunda bolsa gerek diýip oýlanýardym. Indi olaryň ikinji bagty bagyşlap bilmekde diýip pikir edýärin.

Men bu pikire öten agşam gören düýşümden soň geldim: ejem maňa kast eden adamlary ýatlap, "günälerini bagyşla, olar sendenem kän ejir çekdiler... ýene-de çekerler" diýdi.

Ejemiň bu sözleri meni ýene 1997-nji ýyla, Aşgabat aeroportyna dolady. Meniň sumkamdan "tapylan" harby syrly diskete şaýat bolýan naçarlar akar ýabyň içindäki gamyş ýaly galdyrap, gorkudan uçjak-uçjak bolýardylar. Men olara "Siz meniň sumkamdan disk tapylyşyny görmediňiz ahyryn, siz bu ýere soň getirildiňiz, olaryň özleri atdy diski, ýalan bu, men žurnalist, sesimi sem etjek bolýalar, bulara kömek etmäň, ýalan şaýatlyk bermäň" diýýärin. Olaryň biriniň gözüne ýaş aýlanýar, beýlekisi başga ýana seredýär... Soň olary aňryk äkidip, gaýtadan "berk" gürleşip, yzlaryna getirip, protokola gol çekdirýärler.

"Olary nädip bagyşlaýyn, eje? Meni ýurdumdan aýyrdylar-a! Men olary däl, özümem bagyşlap bilemog-a..."

"Özüňem bagyşla, olaram. Şonda maňa-da, olaryň ejelerine-de ýeňilräk bolar... Bendeler, ölenlerinden soň bir çagalary sebäpli azap görmesinler..."

Men näme diýjegimi bilmän dymdym. Ejem gapa ýöneldi: "Beýlekilerem bagyşla, olar saňa däl, özlerine ýamanlyk etdiler... Belki bilmän, saňa ýagşylyk edendirler, haýyş edýän!.."

"Bolýa, eje, bagyşladym!.." - Men ejemi öýkeletmejek bolup gyssanmaç gygyryp, öz sesime oýandym. Dikelip, birsellem nirededigimi bilip bilmän oturdym. Gulagymda onuň soňky aýdan iki sözi - "haýyş edýän" doňup duran ýalydy...

Turup, suw içdim. Bergende ýaşaýan kerkukly türkmeniň "enem öldi, emma Yrakdaky hemme eneler meniň ejemdir, barsam ellerinden öperin" diýen sözleri gulagyma eşidilen ýaly boldy.

Daşaryk, açyk howada gezim etmäge gideýin diýsem, daň atardan irdi. Üstesine, ýagyş hem ýagýardy. Bu düýşden soň ýatyp bilmejegimi bilsemem, ýene gelip ýerime gyşardym. "Bagyşla, eje! Bilmän, ýene seni dert-azara goýdum" diýip, içimi gepletdim.

Diýseň-diýmeseň, ol mamlady. Kän ýyl öň, ilkinji gezek daşary ýurtda duşanda, Rahym Esenem aýdypdy, "ýurtdan çykanyň gowy boldy, ýogsa noýabrçylar bilen ýok edilýädiň" diýip.

Ýylgyrdym. Rahym Eseniň sözlerine däl, aýalymyň "oturan bolsaň, ýok edilmäňde-de, iş-ä bermezdiler, aýalyňam mollumçylygyny ederdi, senem çäreçi mollumy çäreden-çärä gatnadýan çäreçi şopur bolardyň, uly wezipäni ýitiripsiň" diýen sözleri ýadyma düşüp ýylgyrdym.

"Bagyşla, eje, men olaryň hemmesini bagyşladym?!." - Bu gezek içden däl, daşymdan ötünç soradym.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024