Surat

Sazandanyň ýaragy

1905-nji ýylda, meşhur norweg sazandasy Ole Bull Amerika saz çalmaga gelende, ol ýedäki görip sazandalaryň toparçagy oňa metbugat arkaly hüjüm edipdir.

Jenap Jeýms Gordon Bennet sazanda, eger ol toparçaga gaýtawul bermekçi bolsa, "Herald" gazetiniň sahypasynda orun berjegini aýdypdyr. Emma Ole Bull özünde metbugatda çykyş edeniňden has güýçli ýaragyň bardygyny bilýän eken.

Ol çalgyrt iňlisçesi bilen, "Meniňçe, jenap Bennet, gowusy olar maňa garşy ýazsyn, men bolsa olara garşy sazymy çalaýyn" - diýipdir.

Amerikan jemgyýetçiligi meşhur sazandanyň ýerine ýetiren sazlaryny uly şowhun bilen garşylap, onuň mamladygyny subut edipdir.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024