Tokaýdaky içgepletme
Nazaryň palaw bişiren güni gezelençde ýazylan goşgy
Bu ýodajyk nirä barýar, uzaýar,
nireden çykarjak yzlasaň, gitseň,
biz bu ýere gala gözläp gelipdik,
walla, gala tapman, azaşsaň, ýitseň,
iller näme diýer, näme aýdarlar,
sen, gowusy, hol agaja dyrmaş-da,
seret siňe, ýitireniň bar ýaly,
bu golaýda gala barmy,
ýa-da bizi aldadylar bar diýip,
belki, yza dönmelidir irgözin,
hemem ýatmalydyr palawdan doýup?..