Öseniň problemasy
"Ýok, öwretme,
berme maňa nesihat, -
pyşyrdady nahaljyk,
-men öwrenmek islämok,
bilmek islämok hiç zady,
ösmek isleýän diňe,
ho-ol agaçlar ýaly, asmana başy
degjek-degjek bolup duran,
ýadadym seň iňirdiňden,
gapyl indi, hudaý uran!"
Ajy ýylgyrdy töňňe,
hem gynandy jan durmazlyk edenne,
duýdurjak bolupdy palta-pyçgydan,
öňkülere näm bolanyn ösende...