Surat

20 ýyl öňki Hijran

Atylyp öldürilen rus žurnalisti Wladislaw Listýewiñ ýadygärligine

Biziñ ýyldyzlary ogurlaýarlar,
ýaşyrýarlar Aýymyzy,
batyrýarlar Günümizi,
nur saçmaly çagynda,
dogan gününden...

Bizi tümde ýol-ýodasyz goýýarlar,
öldürýärler biziñ ýolbeletleri,
batyrlarmyzy,
adyllarmyzy,
aklarmyzy hemem asyllarmyzy...
A soñ gara ýelli soñsuz tümlüge
ne nurana, süýt reñk dañ diýýärler,
ak säher diýýärler ganly ertire,
dolaýarlar bizi könä, geçmişe,
ahy-nala şatlykdan ýañ diýýärler,
geljegmizi gorpa iten haýýarlar...

Biziñ ýyldyzlary ogurlaýarlar,
Aýymyzy, Günümizi ýaşyryp,
çyragymyz öçürýärler tümlükde,
hemem öçer-öçer şem berip ele,
gara sudur bolup, gara kölgeli,
gara diwar, gara gapy jaýlara,
çygly zyndanlara, çukur-oýlara
sürýärler süpüläp,
kowýarlar ýaman,
çolugymyz - çorly,
çopanymyz - çaman...

Ertir ýene gözi çyraly biri,
ertir ýene göwni çyraly biri,
ýüregi çyraly, kalby çyraly
döremesin, dogmasyn diýip birden,
biziñ ýyldyzlary ogurlaýarlar,
bolaly, bolmaly ýeser, eserdeñ...

Biziñ ýyldyzlary ogurlaýarlar,
nurundan tisginip, ýagtydan howlap,
ogry taýpasyna gerek däl ýyldyz,
gerek däl ýananlar alawlap, lowlap,
hem gerek däl bulanygy durulan,
gömjek olar ýagtylygy urulap,
ýedi gat ýere,
tüme batar ýaly dag bilen dere...

Ogrulara ýyldyz gerek däl, walla,
süri gerek, sürer ýaly süpüläp,
süri gerek, kowar ýaly kowalap,
nadan gerek, mahluk gerek, gul gerek,
pul gerek, zat gerek, zer-esbap gerek,
teselli biýr ýaly çyrasyz göwne,
çyrasyz ýürege, çyrasyz kalba,
çyrasyz beýnä...

Goý, ertir sürüden döresin süri,
diñe eñegi däl, ýüregi dişli,
gara göwün, gara kalply, gara päl;
goý, ertir başyna ýumrulsyn köşgi,
goý, ertir ýer hopsun götermän, çekmän,
ýüregi çyrasyz dönmez ýolundan,
gaýtmaz pälinden...

Goý, ertir agzy däl, arkasy dişli,
ardy dişli ogullary, gyzlary
iýsinler omzuny, çeýnesinler bek,
ýüregi çyrasyz görmez özün ýek!..

Biziñ ýyldyzlary ogurlaýarlar,
buthanasy, metjidi ýok adamlar,
“Injili” ýok, “Kurany” ýok adamlar,
hudaýy ýok, tobasy ýok adamlar,
şäheri ýok, obasy ýok adamlar,
asly ýoklar, düýni ýoklar, şu günün,
ertirini, birigünün gömenler,
öz iliniñ ganyn içen gendeler,
ilin gara gorpa sürüp barýarlar,
goýun sürüsi deý gyryp barýarlar,
gassaphana öwrüp gül sähralary,
derimiz, süñkümiz düýrüp barýarlar,
syryp barýarlar...

Görmeli gözlermizi,
köwläp gökli-garaly,
diýmeli sözlermizi,
ýat-ýakyndan ýaraly
diýdirmeýärler!
Gulagmyz-burnumyz ýolup barýarlar,
elden hem aýakdan alyp barýarlar,
tükedip barýarlar gara jellatlar,
gutaryp barýarlar, iýip barýarlar,
doýup barýarlar...

Semreýärler gulagyndan, gözünden,
beýnisin ýylçardyp ýagymyzdan, dat,
ýolmalap barýarlar, tüýdüp barýarlar,
depämize berip serdesse bilen,
şallyr bilen saýyp ýagyrnymyza,
gam-laýa batyryp müñ kyssa bilen,
kör deý idenekläp, iýdip barýarlar,
gaýdyp barýarlar...

Bu öñki SSSR, öñki SSSR,
hiç hili GDA ýok, Arkalaşyk ýok,
garaşyk ýok, rehim ýok, şypa ýok,
sapa ýok!

Bu öñki SSSR, öñki SSSR,
hiç hili özgeriş, ösüş ýok munda,
tesiş bar beter, gaýdyş bar beter,
bu öñki SSSR, öñki SSSR,
hiç bir garaşsyzlyk, özbaşdaklyk ýok,
erkanalyk ýok,
basyş bar beter, gysyş bar beter!

Bu öñki SSSR, öñki SSSR,
özbaşdak ýaragly, ýamanalgyly,
ýaraly ýeser,
bu öñki SSSR, öñki SSSR,
şol öñküsi ýaly öñümiz keser,
öýümiz ýykar,
batyrar batga, çümdürer lüýge,
bu öñki SSSR, öñküden beter,
öñküden bäş beter ömpümiz keser!..

Gan deñzi çyrpynyp,
agyp kenardan,
gark ederli sähralary, çölleri,
gülleri!
Gan deñzi çyrpynyp,
agyp kenardan,
ahyr bu pesligiñ soñy gelmeli!..

Gan deñzi bir meni gark edip oñmaz,
gan deñzi bir seni gark edip oñmaz,
gan deñzi bir ony gark edip oñmaz,
göýdükler, gömükler, eli hyrlyly,
ýüregi hyrlyly, demi hyrlyly,
bagyrsyzlar, jigersizler, gözsüzler,
göwünsizler, beýnisizler, sözsüzler,
zalymlar, hanymlar,
hemem olaryñ
bezäni, besläni dowamat-dowam,
gark bolarlar ýagşylaryñ ganyndan,
janyndan!..

Gahar deñzi, gazap deñzi, ar deñzi
çyrpynyp, çaýkanyp çalýar ýas heñni!
Öýke deñzi, kine deñzi, jan deñzi
Gaýtgyn alyp, gaýnap, çalýar ýas heñni!

Gan deñzi çyrpynyp,
agyp kenardan,
gark ederli sähralary,
gülleri!
Gan deñzi çyrpynyp,
agyp kenardan,
gaýdarly belentden,
sil deý hemleli!

Gan deñzi çyrpynyp,
agyp kenardan,
ahyr bu pesligiñ soñy gelmeli,
ahyry gelmeli adamhorlugyñ,
ahyry gelmeli zorlugyñ bir gün,
ahyry gelmeli sütemiñ, jebriñ!

Ýüregi, beýnini eýelän däri,
öýkeni, duýgyny eýelän gülle,
bütin sähralary, çölleri, deñzi,
tokaýlary, obalary, asmany
hemem ähli ahmal däli, ahmaly,
baryn bir pitige mündüren däri
göçmeli;
barynyñ jigerin jigleden gülle
degmeli,
seçmeler batmaly bedene, tene,
ýene
partlamaly äpet-äpet minalar,
atylmaly raketalar, aldajy,
ýarylmaly elhenç ajal bombalar,
ýok bolmaly göwni gözel adamlar,
hemem nadanlar!..

Belki, biz söýgini,
güli, ýazlary,
aýdymy apalap ýalñyşyp ýörüs,
barlyşmasyz bilen barlyşyp ýöpüs,
ýazlyşmasyz bilen ýazlyşyp ýörüs?!.

Belki, biz uruşy, jeñi ýazgaryp,
ýowuz ýalñyşýarys aýdymy ündäp,
owazy indäp,
sazlaşygy gözläp, saz istäp ýokdan,
ýaz istäp ýokdan?!.

Belki, biz ýalñyşýas,
ýalñyşýas ýowuz,
belki, bu barlygy
almaly gowuz,
ýeter-ýetmez ýüregi hem beýnisi,
kemler, kemsinenler, gözi, göwni aç,
bahyllar, bibaşlar almaly, meger,
alyp bilmedigin ozalebetden,
berilmedigini, berilmejegin,
hem gömmeli gözlüleriñ görjegin,
geljegin...

Owadan sazlary doguryp, dogman,
owadan aýdymlar döredip oñman,
owadan eserler, şekiller bilen
bu panyny meñzetjek bolup dünýä,
gijeler örtenip, gündizler solup,
ýaş üstünden, dogup, dogurman ölüp,
jibrinip ýörmegmiz ýalñyşlyk, meger,
barybir günäkär başyny eger,
barybir ýazykly ýalkanmaz, ýanar,
barybir Gün dogar dogar-dogarda,
barybir Aý Aý ýüzüni görkezer,
gar ýagar, çagalar ak gar togarlar,
hemem şol ulalar barar körpeler, -
diýip sowulmaly ýodadan, belki,
hemem ogrulara bermeli erki;
barlygyn, ýoklugyn, jennetin, ýene
dowzahyn, ýylany, içýany bilen,
ezsin ezilmezden içýagy bilen;
kelleçanagyna altyn-zer guýup,
ötenden soñ, soñam apalap-öwüp,
gözlerniñ ýerine göwher gapgaryp,
ýyldyzlary öçüreliñ, ýagtysy
mazaryna düşüp üýşendirmesin,
belki, ogrulara bermeli erki,
şu bor orramsylañ mergisi-merki...

Belki, biz ýalñyşyp, ýazlara aşyk
gözlermizi ýaşdan gyrmalap ýörüs;
belki, biz ýalñyşyp, ýollaryñ daşyn
dyrnagmyz goparyp, dyrmalap ýörüs...

Belki, iller diýip aryp,
gowulykdan gözläp nyşan,
gidenden ýagşylyk saryp,
gelene gözellik düşäp,
ýazgaryp ýamany, ýasy,
islemän jeñi, jedeli,
belki, gowy göwün asy,
belki, biz ekip hederi,
belki, biz gülledip gyzgan,
jeñhorlara däri beren?!.

Biziñ ýyldyzlary ogurlaýarlar,
çünki,
bu ýurtda ýalan adat,
bu ýurtda talañ adat,
zulum adat bu ilde,
sütem adat bu ilde,
ýagtylyk adat däl,
aklyk adat däl,
beýiklik adat däl,
päklik adat däl,
añlylyk adat däl, akyl adat däl,
gözellik adat däl, mähir adat däl,
adat däl söýgi, haýyr adat däl,
bu ýurtda gan adat, jeñ adat hemem
şer adat ýenem...

Biziñ ýyldyzlary ogurlaýarlar,
çünki,
bu ýurtda gara garnyñ,
bokurdagyñ gullary
sürýärler höküm,
ýaýradýarlar ýalany,
jeñi pul döküp...

Bu ýurtda haram keýpiñ,
hapalygyñ gullary
sürýärler höküm,
ýok edýärler aklygy,
pägi pul döküp...

Bu ýurtda nadanlygyñ,
wagşylygyñ gullary
sürýärler höküm,
köwleýärler ýarag bilen,
gan bilen
erkinlik kökün,
azatlyk kökün,
gözellik kökün!..

Şu gün,
şu gün ganmak üçin arakdan,
şu gün,
şu gün doýmak üçin damakdan,
şu gün,
şu gün çolanmak üçin ýüpek,
şu gün,
şu gün beslenmek üçin zere,
şu gün,
şu hal seleñ köşgi-eýwanda,
şu gün,
derhal per düşekde, diwanda,
ýyndam maşynlarda, uçarlarda-da,
ýurduñ içinde-de, daşarlarda-da,
şu gün,
diñe şu gün ýaýnamak üçin,
agynamak üçin, aýnamak üçin,
bütin iliñ ýüregine tüýkürip,
iliñ il däldigin edýärler anyk,
iliñ sil däldigin edýärler anyk,
mal sürüsi ýaly sürýärler ili,
bükülipdir iliñ bükülmez bili,
egipdirler iliñ egilmez başyn,
ýandak däl, gyzgana salsyn gözýaşyn....

Biziñ ýyldyzlary ogurlaýarlar,
sürüp, mahluk sürüsi dek depeläp,
egri taýak bilen, ýarag bilen ýa,
urup depämize, dürtüp garaga,
basýarlar batga, ýykýarlar hapa,
itýärler hendege, çykýarlar depä,
hemem ähli hapalyklary bilen,
ýokardan seredip gülýärler zalym,
döli deý alyñ...

Biziñ ýyldyzlary ogurlaýarlar,
ýaşyrýarlar Aýymyzy,
batyrýarlar Günümizi,
nur saçmaly çagynda,
dogan gününden,
bizi tümde ýol-ýodasyz goýýarlar,
öldürýärler biziñ ýolbeletleri,
batyrlarmyzy,
adyllarmyzy,
aklarmyzy hememem asyllarmyzy,
a soñ gara ýelli soñsuz tümlüge
ne nurana, süýt reñk dañ diýýärler,
ak säher diýýärler ganly ertire,
dolaýarlar bizi könä, geçmişe,
ahy-nala şatlykdan ýañ diýýärler,
geljegmizi gorpa iten haýýarlar!...

Aşgabat, 2-6-njy mart, 1995.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024