Surat

Allanyň emri

"Ýer gaty bolsa, öküz öküzden görer." Halk nakyly

Ýollar uzak bolsa, menziller alys,
atlar bir-birinden görermi eýsem?
Ýa ýük agyr bolsa, depeler beýik,
inerler bir-birin ýigrener diýseň,
bolarmy?..

Ýa bu diňe öküzlere mahsusmy,
gaty ýere duşan, gatylyk jebrin
ömürboýy çekjek gassaba çenli,
aňlamak kyn bolýa allanyň emrin?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019