"Kimiň abraýlydygyny kesgitlemek hökümetiň işi däl"
Fransuz ykdysatçysy Thomas Piketty, "21-nji asyrdaky kapital" atly meşhur kitabyň awtory Fransiýanyň iň ýokary sylagyndan (Legion D’Honneur) ýüz öwürdi. Jenap Piketty "Kimiň hormat-sylaglydygyny kesgitlemek hökümetiň işi dälmikä diýýärin" diýdi. Onuň jemgyýetdäki girdeji deňsizligini derňeýän kitaby Birleşen Ştatlarda uly gyzyklanma döredip, iň geçginli kitaplaryň hataryna girdi. "Olar Fransiýadaky we Ýewropadaky ösüşi derňemäge üns berseler has gowy bolardy" diýip, Piketty özüne berlen baýragy alyp bilmejegini aýtdy. Nobel baýragynyň eýesi Paul Krugman onuň kitabyny ýylyň, belki-de onýyllygyň iň möhüm ykdysady kitaby atlandyrypdyr. Geçen ýyl karikaturaçy Jacques Tardi hem "Legion D’Honneur" baýragyndan ýüz öwrüpdi. Bu baýrakdan ýüz öwrenleriň arasynda filosof Jean-Paul Sartre, radiologiýanyň pionerleri Pierre we Marie Curie hem bar.