Hüňürdi

Biri hüňürdedi: "Edilmeli bir dürs işi öňe sürseň, olam birleri tarapyndan alnyp göterilse, ýagşy-ýaman durmuşa geçse, ’şony ilki men aýdypdym’ diýip gygyrma; tersine onuň kimem bolsa birleri tarapyndan edilenine, dürs işiň ýol alanyna begen. Eger ol iş seniň pikir edişiňden has gowy edilen bolsa, has-da begen, ýöne ’bu gowy işi ilki men teklip edipdim’ diýip, mümkin bolan ýa bolmadyk ýerinde özüňi mazamlama. Ýa-da ol iş seniň göwnüňdäkiden kemter edilen bolsa, ýa başga niýet üçin ulanylýan bolsa, onda bu barada aýdyp bilersiň. Emma ýene ’men ony ilki öňe süremde, şeýle-şeýle bolmagyny isläpdim’ diýip, uly il bähbitli dürslükden özüňi öňe salma. Beýtseň, seniň ideýaňy ogurlap, şöhrat üçin gowy pikiri püçege çykaran garşydaşyň bilen deň bolarsyň. ’Men-menlik’ adamy güýçli däl, gözgyny görkezer."

Rockville, Maryland, 21.11.14.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024