Süňk oýny
Otuz ýyl çemesi ozal, Aşgabatda bir ýaşuly žurnalist ikiçäklikde içini dökdi: "Itleri gowy görýän, sebäbi olaryň durmuşy biziňkä gaty meňzeş. Ýöne biziň itden bir tapawudymyz bar, biz ilki başgalaryň paýyny oklap, öz süňkümizi soň gemirmeli. Mysal üçin, ilki partiýanyň süňküni oklamaly, ýagny isleýän zadyny ýazmaly. Soň başlygyň süňküni bermeli, ýagny her gymyldyňda ondan maslahat soran bolup, edýän işiňi, hatda pikirleriňi hem başlygyň ’paýhasy’ bilen baglamaly. Şonda başlyk başlyklygyna gomalar we saňa kän azar bermez. Soň halkyň süňki bar. Başarsaň, güýjüň galsa, halk bähbidine-de bir zatlar aýtjak bolmaly. Şonda sada adamlar: ’pahyr, biziň ýagdaýymyzy bilýär, emma partiýa işledenok’ diýip, senden närza bolmaz. Şondan soňkusy biziň öz süňkümiz bolýar."
Rockville, Maryland, 19.11.14.