Söz manysyn biler bolsaň...
Gadymy Hytaý hekaýalary
Üç hozmy ýa dört
Saň ýurdunda bir adam işi-pişesini maýmyn saklamak edinipdir. Ol maýmynlara, maýmynlar hem oňa düşünýän ekeni. Maýmynçy öz maşgalasynyň agzyndan kesip, maýmynlaryna iýdiripdir. Ýöne bir ýyl guraklyk bolup, öýdäki azyk-suwlugyň aňyrsy görnüp başlapdyr. Onsoň maýmynçy maýmynlarynyň iýmitini kemmäge mejbur bolupdyr. Ýöne ol maýmynlar muny kabul etmez öýdüp gorkup, olary aldamak kararyna gelipdir.
-- Ýyl agyr geldi, azygy tygşytly tutmasak boljak däl. Şoň üçin men size her gün irden üç, agşamlyk dört hoz bersem bolarmy? -- diýip, maýmynçy maýmynlaryndan sorapdyr.
Muny eşiden maýmynlar dergazap bolup, ala-wagyrdy turzupdyrlar.
-- Bolýar, oň ýaly bolsa, men size irden dört, agşamlyk üç hoz bereýin-- diýip, maýmynçy maýmynlarynyň ýüzüne soragly bakypdyr.
Maýmynlar muňa hoş bolup, duran ýerlerinde dik ýokaryk böküşipdirler.
Kepderi getirmek däbi
Hantan ýurdunda täze ýyl güni şazada kepderi tutup getirmek däp bolupdyr. Şazada kepderi getirenlerden hoş bolup, köp kepderi tutana uly-uly sowgatlar beripdir.
Günleriň birinde, amatyny tapyp, dogruçylyň biri şazadadan bu däbiň sebäbini sorapdyr.
-- Täze ýylda, rehimdarlygymy görkezmek üçin, men ol kepderileriň ählisinii azat edýän -- diýip, şazada soragyň jogabyny nagt edipdir.
-- Siziň kepderi boşatmak islegiňiz üçin, iş-derdini goýup, raýatlaryňyz kepderi tutýar. Şu tutha-tutluk bir topar kepderiň başyna ýetýär. Eger siz hakykatdanam kepderleri halas etmek isleseňiz, onda raýatlaryňyza kepderi tutmagy gadagan ediň. Sebäbi siz olary azat etmek üçin tutdurýarsyňyz, onsoň bu ýerde siziň rehim-şepagatyňyz ýetiren zyýanyňyzyň öwezini doldyrmaýar -- diýip, dogruçyl bu manysyz däbiň ýatyrylmagyny sorapdyr.
Doňuz näme üçin öldürildi
Günlerde bir gün Teň Şeniň aýaly bazara gitmekçi bolupdyr. Görse, ogly hem aslyşyp, ejesinden galmak islemändir.
-- Bar, oglum, öýde gal, gelemde seň üçin ýatakdaky doňzy öldüreris – diýip, ejesi ogluny yzyna dönmäge razy edipdir.
Oglanyň ejesi bazardan gelse, äri ýatakda doňzy öldürjek bolup ýörmüş.
-- Gyýw, seň edýäniň näme? Men o sözi diňe çagany köşeşdirmek üçin aýtdym-a -- diýip, aýaly ärini saklamaga çalşypdyr.
-- Beýdip çagany aldamak bolmaz – diýip, äri öz diýenini berk tutupdyr. -- Çaga ene-atasynyň her bir hereketinden nusga alýar. Eger sen çagany aldasaň, sen oňa ýalançylygy öwredýärsiň. Eger ene çagasyny aldasa, perzent enesine ynanmaz. Beýdip çaga terbielenmez -- diýip, oglanyň kakasy doňzuň damagyny çalypdyr.
Göçýän baýguş
Günleriň birinde baýguş bilen kepderi pete-pet gelipdir.
-- Ugur nirä? -- diýip, kepderi sorapdyr.
-- Gündogara barýan -- diýip, baýguş jogap gaýtarypdyr.
-- Ne birden Gündogara şaýlandyň? – diýip, kepderi onuň ýakasyny goýbermändir.
-- Bärde adamlar meniň sesimi halanoklar. Şu sebepden Gündogara göçmegi karar etdim.
Kepderi başyny ýaýkapdyr:
-- Oň ýaly bolsa, sesiňi üýtgetmeli ekeniň-dä. Sesiň şu bolsa, täze baran ýeriňde-de adamlar halar öýdemok.
Göterim paýtunçy
Günleriň birinde Çi ýurdunyň baştutany paýtunly bir ýere barýan ekeni. Paýtun derwezeleriniň gabadyndan geçende paýtunçynyň aýaly öz äriniň hondanbärsi çişip, atlary gamçylap barşyny görüpdir.
Agşamlyk paýtunçy öýüne gelende, aýaly onuň bilen aýrylyşmakçydygyny aýdypdyr. Paýtunçy munuň sebäbini sorapdyr.
--Ýen Şu Çi ýurdunyň baştutany, ony bütin ýurt tanaýar. Ýöne men ony paýtunda başy aşak hem pikirli halda gördüm. Sen bolsaň bir paýtunçy, ýöne başlyk çekýän diýip, çişip ýarylaýjak bolýaň. Men seni şuň üçin terk etjek -- diýip, paýtunçynyň aýaly öz kararynyň sebäbini düşündiripdir.
Bu gürrüňden soň paýtunçy ýeli giden meşik ýaly myssarypdyr. Ertesi döwlet baştutany ondan näme bolanyny sorapdyr. Paytunçy bolan wakany bolşy ýaly aýdyp beripdir.
Paýtunçynyň aýdylan sözden many alyp bilşine begenen döwlet baştutany oňa abraýly bir iş ynanypdyr.
Iňlisçeden terjime eden Baýramsoltan Annagurban. Praga, 2003.