Rus hudaýy
Pýotr Wýazemskiden gysgaldylyp terjime edildi
Gerek bolsa düşündiriş bereýin,
näme bolup biler rus hudaýy?
Ynha, size şekilini çyzaýyn,
görüşimçe, bilişimçe ýagdaýy.
Hudaýy ol agyr, azaply ýoluň,
çarkandakly, ýetik tupany, gaýy,
duralgalar – saçakçylar merkezi,
ine saňa, ine, rus hudaýy.
Aç-horlaryň, buýanlaryň hudaýy
gedaýlaryň sagda, solda, ýol boýy,
hudaýy ol girdejisiz ýerleriň,
ine, saňa, ine, rus hudaýy.
Hudaýy ol göwüsleriň, <...> salparan,
agaç aýakgabyň, çişen aýagyň,
mürşük ýüzüň, turşan gaýmagyň waýy,
ine saňa, ine, rus hudaýy...
Akmaklara boldur sylag-hormaty,
a akylla ýowuz, ýokdur şepagat,
hudaýy ol bar artykmaç güzabyň,
ine, saňa, ine, rus hudaýy...
1828.