Surat

Özüni tapan Güne çalymdaşdyr

Ýapon pähimleri

Samsyga we dälä ýol ber.
Är-aýal el bilen göz ýaly bolmaly: el agyrsa, gözden ýaş geler, göz ýaşarsa - el sylar.
Gidýäni saklama, geleni kowma.
Ýamanyň dosty bolanyňdan gowynyň duşmany bolanyň has gowudyr.
Adaty adamlaryň ýoklugynda beýikler bolmaýar.
Çyny bilen ýokary galmak isleýän basgançak oýlap tapýar.
Gün mamlany-da, bimamlany-da bilmeýär. Ol kimdir birini ýylatjak bolman nur saçýar. Özüni tapan Güne çalymdaşdyr.
Deňiz beýik, sebäbi ol hiç wagt kiçijik derýalara seňrigini ýygyrmaýar.
Uzak ýol hem ýakynjakdan başlanýar.
Içýän şerabyň zyýanyny, içmeýän peýdasyny bilmez.
Gylyç hatda ömrüňde bir gezek zerur bolsa-da, ony hemişe ýanyňda götermeli bolýar.
Owadan güller gowy hasyl getirmeýär.
Gaýgy-gamy, ýyrtyk köýnek ýaly, öýüňde goýup çykmaly.
Düşekden turman ýatsa, hiç kim büdremez.
Bir ýagşy söz gyşyň üç aýyny maýladyp biler.
Eger problemany çözüp bolýan bolsa, ony gaýgy etmek gerek däl, eger çözüp bolmaýan bolsa, aladadan peýda ýok.
Şahanyň suratyny çekeňde, ýeliň dem alşyny eşitmek gerek.
Adama şübhe bildirmezden öň ýedi gezek barla.
Elinden geleni et, galanyny ykbala goý.
Aşa dogruçyllyk akmaklyga barabardyr.
Gülünýän öýe bagt geler.
Ýeňiş garşydaşyndan ýarym sagat köp çydam edene ýeter.
Sypalyň suwa çümýän, daşyň ýüzýän wagty-da bolýar.
Güler ýüz oky gaýtarar.
Sowuk çaýa, sowuk tüwä çydap bolar, emma sowuk garaýyş bilen sowuk sözi çekmek kyn.
Oýlanyp karar et, karar edeniňden soň oýlanma.
Soramak bir minutlyk utanç, bilmezlik - ömürlik.
Çuň derýalar sessiz akar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024