Ýapon pähimleri
Akmaklara we dälilere ýol ber.
Aýal islese, gaýalaryň jaýrygyndan sümer.
Gidýäni egleme, gelýäni kowma.
Ýamanyň dosty bolandan ýagşynyň duşmany bolan ýagşy.
Adaty adamlar bolmasa, beýikler hem bolmaz.
Hakykatdanam ýokary çykmak isleýän merdiwan ýasanar.
Gün ne mamlany, ne bimamlany biler. Gün kimdir birini ýylytmak üçin nur saçmaz. Özüni tapan güne meňzär.
Deňziň beýikliginiň sebäbi kiçijik derýalara hem seňrik ýygyrmazlygyndadyr.
Iň uzak ýolam ýakynjakdaky ýoldan başlanar.
Içýän çakyryň zyýanyny bilmez, içmeýän – peýdasyny.
Ömrüňde hatda diňe bir gezek gerek bolsa-da, gylyjy hemişe götermeli bolýar.
Owadan güller gowy hasyl getirmez.
Gam-hasraty, ýyrtylan köýnek ýaly, öýde goýup çykmaly.
Düşekde ýatyp, büdrän ýok.
Bir gowy söz gyşyň üç aýyny ýyladyp biler.
Eger meseläni çözüp bolýan bolsa, ondan biynjalyk bolmagyň hajaty ýok, çözüp bolmaýan bolsa, ynjalykdan gaçmak peýdasyz.
Şahanyň suratyny çekeňde, ýeliň dem alşyny eşitmek zerur.
Adama şübhe bildirmezden öň ýedi gezek barla.
Eliňden gelenini et, galanyny ykbala goý.
Öte dogruçyllyk akmaklyga ýakyna bolar.
Gülünýän öýe bagt geler.
Ýeňiş garşydaşyndan ýarym sagat kän sabyrlylyk edene ýeter.
Ýapragyň çümüp, daşyň ýüzýän wagty hem bolar.
Güler ýüze ok atylmaz.
Sowan çaýa we tüwä çydarsyň, ýöne sowuk göze we söze çydamak kyn bolar.
Soramak bir minutlyk utanç, bilmezlik - ömürlik.
Çuň derýalar sessiz akar.