Arap nakyllary
Gepleseň, aýdan sözüň dymanyňdan gowy bolsun.
Arslan ýolbaşçylygyndaky goýunlar goşuny goýun ýolbaşçylygyndaky arslanlar goşunyny ýeňer.
Ýalňyşyňy inkär etmek ikinji ýalňyş bolar.
Akylly ümläňde düşüner, akmak itekläňde.
Akylly aýal erkege aýdan her sözüne şeker goşar, erkegiň özüne aýdan ähli zadyndaky duzy aýrar.
Gazanylan bir tejribe parasatlylygyň ýedi düzgüninden wajypdyr.
Ýagşy söz we rehimdarlyk bilen pili gylda idip bolar.
Ýel gämileriň isleýşi ýaly ösmez.
Sandal bolsaň, çyda, çekiç bolsaň, ur.
Bir kemsiz dost gözlän ýeke galar.
Soňsuz güneşli günler çöllügi dograr.
Şer gapdalyňda duran bolsa, gymyldaman otur.
Hereket etmeseň, wagta düşünmersiň.
Eger-de kalbyňda ýekeje gülleýän şaha galsa, oňa hemişe saýraýan guş gonar.
Gowy hökümdar özüne höküm edip bilýän adamdyr.
Eger gorkýan bolsaň – hiç zat diýme, diýdiňmi – gorkma.
Ýeňiş adamyň näme başarýanyny görkezer, ýeňliş onuň näçä durýanyny.
Ýapmaga güýjüň ýetmejek gapyny açma.
Aýal-gyzlaryň kiçijik kemçiliklerini bagyşlap bilmeýän erkekler hiç wagt olaryň beýik gylyklarynyň lezzetini alyp bilmez.
Eger-de sen öz syryňy ýele ynansaň, ony olary agalar bilen paýlaşypsyň diýip igenme.
Eger-de ähli zada ýetip bilmeýän bolsaň, böleginden bir ýüz öwürme.