Oýnatgy bolmagyň iki ýoly
“Hemme zatdan ozaly öz-özüňe ýalan sözläp, özüňi aldama. Özüni aldaýan we öz ýalanyna gulak asýan adam öz içindäki ýa-da töwregindeki çyn bilen ýalany tapawutlandyryp bilmez ýaly derejä baryp ýetýär we hem özüne, hem başgalara bolan sylag-hormatyny ýitirýär.” Fýodor Dostoýewski
“Men hemişe öz-özümi aldaýaryn. Emma hiç wagt özüme ynanmaýaryn.” S.E. Hinton,
"Oýnatgy bolmagyň iki ýoly bar. Olaryň biri çyn däl zada ynanmak; beýlekisi hakykata ynanmakdan ýüz öwürmek." Søren Kierkegaard
"Taryh ylalaşylan ýalanlardan düzülendir." Napoléon Bonaparte
“Men hakdaky ýalanlaryň iň gowusy öz aýdanlarymdyr.” Patrik Rothfuss
“Ret edilen reallyk ýakaňy goýbermeýär.” Philip K. Dick,
"Eý taňrym, ýok. Biziň başga adamlara aýdýan ýalan sözlerimiz özümize aýdýan ýalan sözlerimiziň ýanynda hiç zat.” Derek Landy
“Sen özüňi aldap bilersiň, muny bilýäň. Sen bu mümkin däl diýip oýlanarsyň, emma ol iň aňsat zat bolup çykar..” Jodi Picoult
“Özüňi aldamak özgeleri aldamakdan has çuňda oturandyr.” Fýodor Dostoýewski
“Başgalary aldamak käte zerur bolsa, özüňi aldamak hemişe ýigrenjilik.” W. Somerset Maugham
“Özüňi aldamagy bes et. Biz öz hakykatymyzy inkär edemizde öz mümkinçiligimiziň ýüzüne urýarys.” Steve Maraboli
“Adamy özi ýaly kän aldan adam ýokdur.” Fulke Greville