Surat

Halk kän, adam ýok

Boris Akuniniň pähimlerinden

Entek buýsanjy bilesigelijiliginden güýçli aýal dünýä inenok.

Wyjdany arassalar däl, düýpden wyždansyzlar gowy uklaýar.

Halk kän, adam ýok.

Adama berlen lezzetleriň iň näzigi beýniňi işletmekdir.

Nirä seretmelidigini bilýän kişi irde-giçde öz görmek isleýän zadyny görer.

Islendik adamy başardygyňça, tä saňa öz sylag-hormaryňa mynasyp däldigini görkezýänçä syla.

Gorpa gaçyp barýan-da bolsaň, gorkudan gözleriň ýumma, gaýta iki tarapyňa-da seret, belki bir zatdan ýapyşyp bolar.

Bu dünýede senden diňe bir zat - seniň diri we bagtly bolmagyňy isleýän kimdir birleriniň bolmagy zerur.

Ylgaýanlaryň arasynda saklan, gygyrýanlaryň arasynda dym.

Ilki soragy dogry bermegi başarmaly. Bu işiň ýarysy. Işiň ikinji bölegi berlen jogaby eşitmegi başarmakdan ybarat.

Bagyşlap bolmaýan zatlar bar, geçirmesizi geçirseň, dünýäde deňagramlylyk bozulýar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019