Nogaýçadan erkin terjime

Şal-Kiýiz diýer, şuny aýdaýyn size:
Ýagşylaryň ýagşylygy şu bolar -
Ýaman bilen ýolda duşsa, gürleşse,
pikir etmäň gepi-sözi ugrugar.

Ýamanlaryň ýamanlygy şu bolar -
Ýaman bilen ýolda duşup, gürleşse
Göre-bile ýagşylary garalar.

Iki ýagşy ýolda duşsa, gürleşse,
Hiç aýrylmaz, ýakyn-ýegre dost bolar.
Iki ýaman ýolda duşsa, gürleşse,
Bäş gün geçmän bir-birine kaş bolar.

Ýagşy bilen ýoldaş bolup, gürleşseň,
Aýdym eder aýdan sözüň agzynda.
Ýaman bilen ýoldaş bolup, tirkeşseň,
Ýagşy sözüň ýaman edip ýetirer,
Doganyňy duşman edip getirer.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024