Hudaýyň nahara çagyrylyşy
Muzaffer şyhyň hekaýasy
Ysraýyl ogullary bir gün Musa ýüzlenip şeý diýipdirler: “Eý Musa, biz öz Taňrymyzy nahara çagyrmak isleýäris. Taňry bilen gürleş, ol biziň çakylygymyzy kabul etsin!”
Musanyň bu gürrüňe gahary gelipdir: “Siziň edýän gürrňiňiz näteňet, siz näme Hudaýyň azyk-suwluk zerurlygynyň ýokdugyny bileňzokmy?”
Ýöne bir gün Sinaý dagyna çykanda, Hudaý Musa şeý diýipdir: “Sen näme üçin maňa iberilen çakylygy getirmediň? Bendelerim meni nahara çagyrdylar ahyryn. Sen olara aýt, anna agşamy men olaryň oturyşygyna hökman bararyn.”
Musa bu habary getirenden soň, her kim ýerli-ýerden aýdylan güne taýýarlyk görmäge başlapdyr. Anna agşamy uzak ýoluň argynlygy ýüzüne çykan bir goja gelip, Musa ýüzlenipdir: “Men gaty aç, maňa iýere bir zat berseňizläň?” Musa ol adama şeý diýen: “Sabyrly bol, älem-jahanyň Taňrysy gelýär. Al, şu küýzäni suwdan dolduryp gel. Seňem bir kömegiň ýetsin.”
Goja kişi suw getirip, ýene-de iýere zat sorapdyr. Ýöne Hudaý gelmezden öň oňa hiç kim nahar berjek däldi. Ýöne wagt näçe gijikse-de, Hudaý gara bermändir. Onsoň adamlar Musa igenip, ony ýalançylykda aýyplama başlapdyrlar.
Musa Sinay dagyna dyrmaşyp, Hudaýa şeý diýipdir: “Taňrym, siz meni adamlaryň öňünde utanja goýduňyz. Sebäbi siz söz berip, sözüňizde tapylmadyňyz.”
Hudaý Musa şeýle jogap beren: “Men sözümde tapyldym, hut seniň öz ýanyňa-da bardym. Ýöne men saňa açdygymy aýdyp nahar soramda, sen meni suw getirmäge iberdiň. Men suw getirip, ýene nahar soradym, ýöne sen meni ýene hyzmat etmäge ýolladyň. Ne sen, ne seniň adamlaryň, hiç kim maňa gel-geç etmedi.”
“Gudraty güýçli Taňrym, bir goja kişi gelip, menden nahar sorady. Ýöne ol bir pukaraja adamdy.”
Hudaý Musanyň bu sözüne şeýle jogap beripdir:
“Men şol wagt sizden nahar soran bendäm bilen biledim, şonda mätäçlikde dileg salan taňry bendesiniň möhümini bitiren bolsaňyz, maňa sylag-hormat etdigiňiz boljakdy. Meniň üçin älem-jahan dar, ýöne meniň bendelerimiň ýüregi dar däl. Men ne iýýän, ne-de içýän, emma meniň bendelerimi sylamak meni sylamakdyr, meniň bendelerimiň aladasyny etmek meniň aladamy etmekdir.”
Iňlisçeden terjime. Praga, 2002.