Toba
Muzaffer şyhyň hekaýasy
Togsan dokuz adamyň başyna ýeten rehimsiz bir adam bar eken. Bir gün ol eden işlerini ýatlap, gaýga çümüpdir we ylymly bir adamyň ýanyna baryp, geçmişini gürrüň beripdir. Toba edip, dogry ýola gelmek isleýändigini, dürs ýaşamak isleýänini aýdypdyr. “Ýöne, munça adamyň ganyna galamdan soň, taňry meniň günämi geçermikä?” diýip, ganhor ylym okan kişiden özelenip sorapdyr.
Alym adam her niçe kän okanam bolsa, okan ylymyny doly özleşdirereden ejiz ekeni. “Ýok, munça adam öldüren bolsaň, Taňry seniň günäňi geçmez” diýip, ol toba etmäge, ters ýoldan dönmäge gelen ganhoryň soragyna kesgin jogap beripdir.
Ganhor bu söze dergazap bolupdyr:
“Oň ýaly bolsa, men senem aýap goýmaýyn” diýip, ol alym adamyň hem kellesini kesipdir. Soňra ol başga bir alymy gözläp tapypdyr we ýüz adamy öldürerini gürrüň beripdir. “Eger toba etsem, hudaý meniň günämi geçmezmikä?” diýip, ganhor alymdan sorapdyr.
Alym akylly adam ekeni. Ol ganhoruň gözleriniň içine garap şeýle diýen:
“Elbetde, eger ak ýürekden toba etseň, hudaý seni hökman bagyşlar. Ýöne meniň bir nesihatym bar, toba edeňsoň, bozuk adamlardan gaça dur, gowulara goşul, bozuk adamlar seni ýene öňki ters ýoluňa dolap elter.”
Ýüz adam öldüren ganhor bu sözlere pagyş-para eräp, ýarym-ýaş halda eden ters işlerine toba edipdir we hudaýdan özüni bagyşlamagyny sorapdyr. Şondan soň ol özüniň bet pygylly ýoldaşlaryndan ýüz öwrüp, päli-niýeti düzüw adamlaryň ýaşaýan ýerine ýönelipdir. Ýöne ýolda toba eden ganhoryň sanalgysy dolupdyr we ol dünýäden ötüpdir. Şol mütdetde hem dowzah we jennet perişdeleri merhumyň janyna eýe çykmaga gelipdirler. Dowzah perişdleri merhumyň dirilikde köp adamyň ganyna galandygyny aýdyp, onuň janynyň özlerine degişlidigini subut etmäge çalşypdyrlar. Ýöne jennet perişdeleri hem kem oturmandyr.
- Merhum ölmezden öň toba etdi we dürs ýaşamak kararyna geldi. Şu niýet bilenem ol gowy adamlaryň ýaşaýan ýerine ugrady, ýöne ýolda kazasy doldy - diýip, jennet perişdeleri aýdypdyr.
Turupdyr bir dawa-galmagal. Onsoň bu dawany çözmek üçin Jebraýyl perişde iberilipdir. Ol iki tarapy hem diňläp, şeýle karara gelipdir: “Ýeri, aralygy ölçäň. Eger merhumuň ölen ýeri gowy adamlaryň ýaşaýan ýerine golaý bolsa, ol jennet perişdlerine degişli bolar. Ýöne birden onuň ölen ýeri bozuk adamlaryň ýaşaýan ýerine golaý bolsa, onda ony dowzah perişdelerine bermeli bolar.”
Bu karardan soň ýeri ölçediler. Toba eden dürs adamlara tarap ýaňy ýönelende jan berensoň, ol heniz bozuk adamlara has golaý ekeni. Ýöne ol ak ýürekden toba edip, ýaman pälinden gaýdypdyr we hudaý onuň ýatan ýerini süýşirip, gowy adamlaryň ýaşaýan şäheriniň alkymyna getiripdir. Şeýlelikde eden ýalňyş işlerine çyndan ökünen we ak ýürekden toba eden bende jennet perişdelerine berlipdir.
Iňlisçeden terjime. Praga, 2002.