Surat

Sokratyň üç süzgüçli synagy

Gadymy Ýunanystanda Sokrat çuñ bilimli adam hasaplanypdyr. Günleriñ bir güni beýik akyldara biri şeý diýen: “Meniñ señ dostuñ barada ýap-ýañyja eşiden zadymy bilýäñmi?” Sokrat ondan biraz säginmegini soran: “Sen hiç zat aýtmakañ men seni kiçijik bir synagdan geçireýin. Muña “Üç süzgüçli synag” diýilýär.” “Üç süzgüçli synag?” “Hawa, hut şeýle” diýip, Sokrat sözüni dowam eden. “Sen maña dostum hakynda aýtmazyñdan öñ aýtmakçy bolýan zadyñy süzgüçden geçirsek gowy bolar öýdýärin. Şu sebäpden men ony “Üç süzgüçli synag” diýip atlandyrýaryn. Birinji süzgüç - Hakykat. Sen öz aýtjak bolýan zadyñ dogrudygyna mazaly göz ýetirdiñmi?” “Ýok, hakykatda men ony ýañyja eşitdim we...” diýip, ol adam jogap beren. “Bolýar, onda sen öz aýtjak bolýan zadyñ çyndygyny ýa däldigini bileñok” diýip, Sokrat sözüni dowam eden. “Gel indi ikinji süzgüji, Haýyr süzgüjini synaly. Seniñ meñ dostum hakynda aýtjak bolýan zadyñ gowy zatmy?” “Ýok, tersine...” “Onda sen maña ol hakda bir ýaramaz zat aýtmakçy bolýañ, ýöne sen şol zadyñ çyndygyny ýa däldigni bileňok. Ýöne señ entegem synagdan geçip bilmegiñ mümkin, sebäbi ýene bir süzgüç galdy. Ol süzgüjiñ ady Peýdalylyk. Dostum hakynda aýtjak bolýan zadyñdan maña bir peýda bolmagy mümkinmi?” “Ýok, beýle däl.” Sokrat netije çykaran: “Hoş, eger seniñ aýtjak bolýan zadyñ ne çyn, ne gowy, ne-de peýdaly bolsa, onda ony maña aýtmagyñ nämä geregi bar?”

(In ancient Greece, Socrates was reputed to hold knowledge in high esteem. One day one fellow met the great philosopher and said, "Do you know what I just heard about your friend?" "Hold on a minute," Socrates replied. "Before telling me anything I’d like you to pass a little test. It’s called the Triple Filter Test." "Triple filter?" "That’s right," Socrates continued. "Before you talk to me about my friend, it might be a good idea to take a moment and filter what you’re going to say. That’s why I call it the triple filter test. The first filter is Truth. Have you made absolutely sure that what you are about to tell me is true?" "No," the man said, "actually I just heard about it and..." "All right," said Socrates. "So you don’t know if it’s true or not. Now let’s try the second filter, the filter of Goodness. Is what you are about to tell me about my friend something good?" "No, on the contrary..." "So," Socrates continued, "you want to tell me something bad about him, but you’re not certain it’s true. You may still pass the test though, because there’s one filter left: the filter of Usefulness. Is what you want to tell me about my friend going to be useful to me?" "No not really." "Well," concluded Socrates, "if what you want to tell me is neither true nor good nor even useful, why tell it to me at all?")

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019