Aýdylmadyk söz ýok, eşidilmedik gep bar

Täze terjimeler

God save me from my friends. I can protect myself from my enemies. Old prayer
Taňrym, sen meni dostlarymdan gora. Duşmanlarymdan özüm goranaryn. Gadymy doga

You can chain me, you can torture me, you can even destroy this body, but you will never imprison my mind. Mahatma Gandhi, Indian Philosopher
Sen meni gandallap bilersiň, gynap bilersiň, hatda bu göwräni ýok etmegi-de başararsyň, ýöne sen hiç wagt meniň aňymy, pikir-düşünjämi gazamat edip bilmersiň. Mahatma Gandhi, Hindi akyldary

Do not walk behind me; I may not lead.
Do not walk in front of me; I may not follow.
Walk beside me that we may be as one. Native American

Meniň yzyma düşme, barjak ýeriňe eltmezligim mümkin.
Meniň öňümden gitme, yzyňa eýgermezligim mümkin.
Gapdalymdan ýöre, bir adam ýaly bolarys. Ýerli amerikalylaryň pähimi

When an elephant is in trouble even a frog will kick him. Hindu
Piliň işi gaýtsa, ony gurbaga-da depip geçer. Hindi nakyly

When spiders unite they can tie down lion. Ethiopian
Düş-düşler birleşe, olar arslany güýlüp atar. Efiopiýa nakuly

Whoever gossips to you will gossip about you. Spanish
Seň ýanyňa gelip gybat edýän sen hakda-da gybat eder. Ispan nakyly

Neither a borrower nor a lender be. William Shakespeare
Ne karz alandan bol, ne-de karz berenden. William Shakespeare

Never change horses in midstream. Abraham Lincoln
Güzer ortasynda atlary çalşyjy bolma. Abraham Lincoln

Never give advice unasked. Unknown
Soralmadyk ýerinde maslahat berme. Nämälim awtor
(Soralmadyk ýerinde akyl berme. Türkmen pähimi)

Never give up hope. Unknown
Hiç wagt umytdan düşme. Nämälim awtor

Never pick up what you didn't put down. Virgin Islander
Hiç wagt goýmadyk zadyňy göterme(alma). Virgin Islander
(Goýmadygyňy göterme. Türkmen pähimi)

Never put off until tomorrow what can be done today. English Proverb
Şu gün edip boljak işi hiç wagt ertire goýma. Iňlis nakyly
(Şu günki işiňi ertä goýma. Türkmen pähimi)

Never spend time with people who don't respect you. Maori
Özuňi sylamaýan adamlar bilen oturyp-turuşma. Maori pähimi

Never spend your money before you have it. Unknown
Gazanmadyk puluňy öňünden sowujy bolma. Nämälim awtor

Never stop learning. Unknown
Öwrenmegi hiç wagt bes etme. Nämälim awtor

Once a word is spoken, it flies, you can't catch it. Russian Proverb
Aýdylan söz uçýar, sen ony tutup bilmeýärsiň. Rus pähimi
(Aýdylan söz uçan guşdur, ony tutup bolmaz. Türkmen pähimi)

One man's beard is on fire; another man warms his hands on it. Kashmiri
O biriniň sakgaly ýanýar, beýleki biri oňa elini çoýýar. Kashmir pähimi

One who steals has no right to complain if he is robbed. Aesop
Özi ogurlyk edýän talansa-da, shikaýat etmäge haky ýokdur. Aesop
(Ogry talansa-da şikaýat edip bilmez.)
(Ogry göti gowşak. Türkmen pähimi)

Our greatest weakness lies in giving up. Thomas Edison (1847-1931)
Biziň iň uly gowşaklygymyz owarramçylygymyzda. Thomas Edison (1847-1931)

Paintings and fightings are best seen at a distance. Ben Franklin (1706-1790)
Suratlar hem söweşler uzak aralykdan gowy görner. Ben Franklin (1706-1790)

Self conceit may lead to self destruction. Aesop
Öz-özüňi aldamak heläkçilige getirip biler. Aesop

Send a thief to catch a thief. Unknown author
Ogryny ogry tutmaga iber. Nämälim awtor

Small children give you a headache, big children a heartache. Russian Proverb
Çagalar kiçijikkä kelle agyrdar, ulalansoňlar ýürek. Rus nakyly.

Tell me whom you love and I'll tell you who you are. African-American
Sen maňa kimi gowy görýäniňi aýt, men seniň kimdigiňi aýdaýyn. Afrikaly amerikanlaryň pähimi

The apple doesn't fall far from the tree. Asian Proverb
Alma agajyndan dash dushmez. Asiýa nakyly

The eagle does not catch flies. Latin
Bürgüt siňek tutmaz. Latyn pähimi

Where there are too many policemen, there is no liberty. Where there are too many soldiers, there is no peace. Where there are too many lawyers, there is no justice. Lyn Yutang, Chinese writer
Polis işgärleriniň aşa köp ýerinde azatlyk bolmaz. Esgerleriň aşa köp ýerinde parahatçylyk ýokdur. Hukukçylaryň aşa köp ýerinde bolsa adalat tapdyrmaz. Lyn Yutang, Hytaý ýazyjysy

If you are neutral in situations of injustice, you have chosen the side of the oppressor. If an elephant has its foot on the tail of a mouse and you say that you are neutral, the mouse will not appreciate your neutrality. Desmond Tutu, African Spiritual leader and Novelist
Adalatsyzlyk edilýän wagty bitarap bolsaň, sütemkäriň tarapyndasyň. Eger-de pil syçanyň guýrugyny bassa, senem men bitarap diýseň, o syçan seniň bitaraplygyňa gadyr goýmaz. Desmond Tutu, Afrikan ýazyjysy

You can only protect your liberties in this world by protecting the other man's freedom. You can only be free if I am free. Clarence Darrow, lawyer
Bu dünýäde sen öz azatlygyňy diňe özgeleriňem azatlygyny goramak arkaly gorap bilersiň. Sen diňe meniň azatlygymda azatsyň. Clarence Darrow, hukukçy

If you avoid the truth, you pay for your lies. A lie always does the most harm to the person who tells it. Karen Moline, “Belladonna”
Eger sen hakykatdan gaçsaň, ýalançylygyň üçin hasap bermeli bolarsyň. Ýalan hemişe iň uly zeleli ony ýaýradana ýetirýär. Karen Moline, “Belladonna”

Always tell the truth. If you can’t always tell the truth, don’t lie. Author Unknown
Hemişe hakykaty aýt. Eger elmydama hakykaty aýdyp bilmeseň, ýalan bir sözleme. Nämälim awtor

A truth that’s told with bad intent beats all the lies you can invent. William Blake
Ýaman niýet bilen aýdylan hakykat toslap tapyp boljak ähli ýalanden elhençdir. William Blake

Who lies for you will lie against you. Bosnian proverb
Seniň üçin ýalan sözlän seniň garşyňa-da ýalan sözlär. Bosniýa nakyly

If all mankind were suddenly to practice honesty, many thousands of people would be sure to starve. Lichtenberg, George C. German Physicist Satirist
Eger ähli adam birden dogry-dürs ýaşamaga başlasa, müňlerçe adam aç galsa gerek. Lichtenberg, George C. German satirigi

He who wants to warm himself in old age must build a fireplace in his youth. German Proverb
Garran güni ýyly ýerden örmek isleýän adam ýaşka öý-ojak gurunmaly. German pähimi

I may not agree with what you say, but to your death I will defend your right to say it. Voltaire
Men seniň aýdýanlaryň bilen ylalaşman bilerin, ýöne men sen ölýänçäň seniň öz sözüňi aýtmak hukugyňy goraryn. Voltaire

It is dangerous to be right when the government is wrong. Voltaire
Hökümet bimamla wagty mamla bolmak hatarlydyr. Voltaire

He that does good to another does good also to himself. Lucious Annaeus Seneca
Özge birine gowulyk edýan özüne-de gowulyk edýändir. Lucious Annaeus Seneca

He who does not prevent a crime when he can, encourages it. Lucious Annaeus Seneca
Elinden gelýärke jenaýatyň öňüni almaýan adam oňa meçew berýändir. Lucious Annaeus Seneca

A wise man changes his mind, a fool never. Spanish Proverb
Akylly adam öz pikir-garaýşyny üýtgedýär, akmak hiç wagt üýtgetmeýär. Ispan pähimi

Never doubt that a small group of thoughtful, committed citizens can change the world. Indeed, it’s the only thing that ever has. Margaret Mead
Akyl-düşünjeli hem tutanýerli adamlaryň kiçijik bir topary dünýäni özgerder diýseler ynanmazlyk etme. Hakykatda bu olaryň edäýjek işidir. Margaret Mead

If you tell the truth you don’t have to remember anything. Mark Twain
Eger sen hakykaty aýtsaň, hiç zady ýatda saklamaly bolmarsyň. Mark Twain

What luck for rulers that men do not think. Hitler
Hökümdarlaryň bagtyny çüwdürýän zat adamlaryň oýlanmazlygydyr. Hitler

Unthinking respect for authority is the greatest enemy of truth. Albert Einstein
Häkimiýete oýlanmazdan hormat goýmak hakykatyň ganym duşmanydyr. Albert Einstein

If you wish to be good, first believe that you are bad. Epictetus
Eger sen gowy bolmak isleýän bolsaň, ilki özüňiň erbetdigiňe ynan. Epictetus

It is better to do wrong seldom and to own it, and to act right for the most part, than seldom to admit that you have done wrong and to do wrong often. Epictetus
Köplenç ýalňyşlyk edip, käte öz ýalňyşyňy boýun alandan köplenç dogrulykda tapylyp, seýrek ýalňyşan we şol ýalňyşy boýun alan has ýagşydyr. Epictetus

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019