Surat

Albert Einsteiniň aýdanlaryndan

Two things are infinite: the universe and human stupidity; and I'm not sure about the universe.

Iki zadyň – älemiň we adam samsyklygynyň çägi ýok; ýöne men älemiň çäksizligine kepil geçip biljek däl.

***

I know not with what weapons World War III will be fought, but World War IV will be fought with sticks and stones.

Men Üçünji Jahan Urşunda haýsy ýarag bilen urşuljagyny bilemok, ýöne Dördünji Jahan Urşy taýak we daş bilen urşular.

***

In order to form an immaculate member of a flock of sheep one must, above all, be a sheep.

Goýun sürüsiniň birkemsiz agzasyny döretjek adamyň ozaly özüniň goýun bolmagy gerek.

***

I want to know God's thoughts; the rest are details.

Men hudaýyň pikirlerini bilmek isleýärin; galany detallar.

***

The hardest thing in the world to understand is the income tax.

Dünýäde düşünmesi iň kyn zat girdeji salgydy.

***

A person starts to live when he can live outside himself.

Adam diňe özünden daşgary ýaşap bilende ýaşamaga başlaýar.

***

Weakness of attitude becomes weakness of character.

Çemeleşiş /pozisiýa/ gowşaklygy häsiýet gowşaklygyna öwrülýär.

***

I never think of the future. It comes soon enough.

Men hiç wagt geljek hakda pikir etmeýärin. Ol gaty basym gelýär.

***

The eternal mystery of the world is its comprehensibility.

Dünýäniň baky syry onuň düşnükliligindedir.

***

Sometimes one pays most for the things one gets for nothing.

Käbirleriniň mugt alýan zatlaryna käte başga biri gaty kän çykdajy edýär.

***

Science without religion is lame. Religion without science is blind.

Dinsiz ylym agsakdyr. Ylymsyz din kördür.

***

Anyone who has never made a mistake has never tried anything new.

Hiç bir ýalňyş goýbermedik adam hiç wagt täze bir zada synanan däldir.

***

Great spirits have often encountered violent opposition from weak minds.

Beýik ruhlar köplenç kelte pikirlileriň zorlukly garşylygyna duçar bolýarlar.

***

Science is a wonderful thing if one does not have to earn one's living at it.

Eger biri eklenç üçin ulanmaly bolmasa, ylym ajaýyp zat.

***

Peace cannot be kept by force. It can only be achieved by understanding.

Parahatçylygy güýç bilen saklap bolanok. Ol diňe düşünmek bilen gazanylyp bilner.

***

We can't solve problems by using the same kind of thinking we used when we created them.

Biz problemalary olary döreden wagtymyzdaky ýaly pikirlenip çözüp bilmeris.

***

The important thing is not to stop questioning. Curiosity has its own reason for existing.

Möhüm zat sorag bermegi bes etmezlikdir. Bilesigelijiligiň ýaşamak üçin öz sebäbi bar.

***

Equations are more important to me, because politics is for the present, but an equation is something for eternity.

Deňlemeler meniň üçin has möhüm, sebäbi syýasat häzirki zaman üçin, emma deňleme bakylyga dahylly bir zat.

***

The fear of death is the most unjustified of all fears, for there's no risk of accident for someone who's dead.

Ölümden gorkmak gorkular içinde iň esassyzydyr, sebäbi ölen üçin bir zadyň üstünden barmak töwekgelligi ýok.

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019