Öz-özüňe galp bolma
Attaryň hekaýasy
Bir ýaş ýigit Jüneýidiň ýanyna gelip, oňa şägirt bolmakçydygyny aýdan:
- Size akyl göwheriniň sakçysy diýdiler. Şo göwherden maňa-da berip ýa-da satyp bilmezmisiňiz?
Jüneýit şeýle jogap beren:
- Eger men satarman bolsam, sen onuň bahasyna ýetjek puly tapyp bilmersiň. Ýöne berip goýbersem bolsa, sen onuň gadyr-gymmatyny bilmersiň. Ondan ötri, senem meniň edenimi et: deňziň düýbüne çüm-de, ös göwheriňe eýe bolýançaň sabyr et.
#Jamynyň hekaýasy
Bir ýaş ýigit şyha şägirt bolupdyr we oňa hajathanany arassalamagy tabşyrypdyrlar. Ýigidiň ejesi baý tebip ekeni we ol öz tosunja ogluna başgarak iş buýrulmagyny sorapdyr hem-de şyha hajathana tämizlemek üçin on iki sany efiopiýa guluny iberipdir. Şonda şyh şeý diýen:
- Siz bir tebip adam. Eger siziň ogluňyzyň öthaltasynda bir agyry bolsa, men oňa derek dermany efiopiýaly gullara bermelimi?
Hazrat Inayat Hanyň hekaýasy
Hakyky mugallymy nädip tapmaly?
Adamlar hemişe hakyky öwretmen bilen galp öwretmeni kesgitläp bilmän azara galýarlar. Bu dünýede adatça galplyk kän bolansoň, adamlar köplenç galp mugallyma duşýarlar. Ýöne şol bir wagtda, hakykatdanam çyn öwretmen gözleýän adam, özi galp bolmasa, hökman hakykaty tapar. Sebäbi bu onuň öz ýazgydy we hakykat ýolunda öňüni ýagtyltjak çyrag adamyň öz ynanjyna çyn ýürekden, gerçekden berlenligi bolar.
Hakyky öwretmen adamyň öz içinde. Hakykaty söýýän adam öz-özüne galplyk etmeli däl, aňrybaş derejede dürs bolmaly. Onsoň ol hakyky mugallymy çyny bilen gözlese, iru-giç hökman tapar. “Eger ol galp mugallyma gabat gelse näme?” diýilmegi mümkin. Onda şol hakykatçy galp mugallumy hem çyn owretmene öwrer. Sebäbi hakykatçyllyk galplykdan has beýikdir.
Muzaffer şyhyň hekaýasy
Akyl dälisi Bahlul öz pähim-parasdyny kemakyllyk örtgüsi bilen ýaşyryp saklar eken. Hut şunuň üçinem ol öz hökmürowanlygyna göwni ýetýän Harun al-Raşidiň köşgüne garawsyz girip-çykypdyr.
Bir gün Bahlul halyfyň tagtynyň boş durandygyny görüpdir-de, haýdan-haý oňa geçip oturypdyr. Soltanyn tagtynda oturmak ullakan jenaýat hasaplanyp, munuň üçin hatda ölüm jezasynyň berilmegi-de mümkin eken.
Köşk gözegçileri Bahlulyň tagta çykyp oturanyny görüp, oňa aldajy ýaly topulypdyrlar we tagtdan düşürip, öldir ýaly enjipdirler.
Halyp agy sesine ylgap gelip, nökerlerinden bu galmagalyň sebäbini sorapdyr. Nökerler bolan işi bolşy ýaly gürrüň beripdirler. Harun al-Raşit henizem sojap duran Bahluly köşeşdirip, nokerlerine käýinipdir:
- Utanyň, haýa ediň-ä! Bu bir kemakyl biçäre ahyrym. Akyly ýerinde bolsa, şa tagtyna çykyp görermidi ol? Sag adam beýle iş etmez ahyryn. - Soň ol Bahlula tarap öwrülipdir: - Goý sesiňi senem, indi degmezler! Gözýaşyňy syl ýüzüňden...
Bahlul halyfyň bu sözlerine başyny ýaýkan we şeý diýen:
- Ah, halyf, men olaryň urany üçin aglamok. Men siz üçin aglaýan.
- Meň üçin, o nähili? Meň üçin aglamaň sebäbi näme? - diýip, halyf geň galypdyr.
Bahlul bu soraga şeýle jogap beren:
- Ah, halyf, men siziň tagtyňyzda bary-ýogy ekeje gezek, sähelçe salym oturyp gördüm. Onsoň men ol ýerde şojagaz oturanym üçin nähili taýak iýdim. Siz bolsa ol erde ýigrimi ýyl bäri otyrsyňyz. Onsoň men muň üçin siziň nähili taýak iýmeli boljagyňyza akyl ýetirip bilemok. Hut şu pikirem meniň gözýaş etmegime sebäp boldy.
Harun al-Raşidiň ýüzi gorkudan ak tam boldy. Indi gözýaş dökmek gezegi onuňkydy.
- Men nä alaç ederin? – diýip, ol Bahlulyň ýüzüne naýynjar seretdi. Bahlul:
-Adalat, adalat! - diýip, sesiniň ýetdiginden gygyryp, köşküň derwezeine tarap ylgady.
Al-Gazalynyň hekaýasy
Eger seniň sözleriň ikiňiziň araňyza sowuklyk, agzalalyk saljak bolsa, sen öz doganyň ýalňyşlaryny nädip tankytlarsyň?
Eger sen öz doganyň bilýän kemçiligini görkezseň, oňa ýürekdeş, duýgudaş däl-de, eýsem bigäne, keseki bolup görünjekdigiňe akyl ýetirmeli. Öz doganyň bilmeýän, duýmaýan kemçiligine gözüni açmak üçin seninň oňa hakykatdan ýakyn durmagyň, çyndan mähriban bolmagyň gerek.
Eger biri seninň ýaramaz gylyk-häsiýetlriňi gökezip, olary düzetmek ýoluna çagyrsa, beýle adam seniň köýnegiňe girip gelýän ýylan-içýany görkezen bilen deňdir. Ol seniň ynjamagyňy, ejir çekmegiňi däl, eýsem, aman galmagyňy isleýär ahyryn. Eger sen şuňa-da akyl ýetirip bilmeýän bolsaň, onda seniň samsyklygyň hiç çägi ýok.
Margaret Smithiň hekaýasy
Birinji sufi, ýagny sopy öýi Siriýada, Ramlada gurlupdyr.
Bir gün hristian şazadasy aw-şikara çykypdyr. Ol ýolda iki sany sopynyň duşuşyp, bir-birini garsa gujaklanyny görüpdir. Onsoň olar şol gara-gadyr halda dyz epipdirler we ýanlarynda näme bolsa orta goýup, bolanyndan bileje garbak-gurbak edinipdirler. Olaryň bir-birine eden sylag-hormaty şazadanyň hoşuna gelipdir. Onsoň ol sopylaryň birini ýanyna çagyrypdyr-da, ondan beyleki sopynyň kimdigini sorapdyr. Ol adam bu soraga “Bilemok” diýip jogap beripdir.
Onda şazada:
- Seniň oňa nähili garyndaşlygyň bar? - diýipdir.
Ol adam:
- Hiç hili - diýipdir.
Şazada:
- Ol nireden geldi? - diýip soran.
Ol adam muny hem bilmeýändigini aýdypdyr.
- Onda näme siz bir-biriňizi ýitirip-tapan ýaly gujakladyňyz? - diýip, şazada geň galypdyr.
Derwüş bu soraga şeýle jogap beripdir:
- Sebäbi ol meniň bilen meslekdeş, pikirdeş.
Şondan soň şazada ondan bir-birleri bilen duşuşara ýerlriniň bardygyny-ýokdugyny sorapdyr. Derwüş beýle ýerleriniň ýokdugyny aýdypdyr. Muny eşiden şazada oňa ýygnanyşar ýaly jaý gurup berjegini aýdypdyr. Şeýdibem Siriýanyň Ramla diýen ýerinde ilkinji sopular öýi gurlupdyr.
Halk rowaýaty
Bir patyşa ysmaz keseline uçrap, derdine em etdirmek üçin ady belli tebibi köşge çagyrdypdyr. Meşhur tebip patyşanyň çakylygyna gelmekden ýüz dönderipdir. Dergazap bolan patyşa nökerlerine tebibi ýere girse-de tapyp, derhal köşge alyp gelmegi buýrupdyr. Nökerler patyşanyň buýrugyny berjaý edipdirler.
Patyşa tebibe şeý diýen:
- Men seni bu ýere geň bir ysmazlykdan ejir çekýänim üçin getirtdim. Eger sen meni dertden saplamagy başarsaň, sylag-serpaýyňy ýetirerin. Eliňden zat gelmese-de, kelläňi aldyraryn.
Tebip şeý diýen:
- Seni dertden saplamak üçin ikimiziň ikiçäk galmagymyz gerek. Eger golaý-goltumda hiç kim bolmasa, men bir synanyp görerdim.
Bu sözden soň patyşa töweregindäkilere özlerini ýeke galdyrmagy, golaý-golgtumda hiç kimiň bolmazlygyny buýrupdyr.
Şundan soň tebip pyçagyny gynyndan sogrup alypdyr-da, “Indi meniň senden atan haýbatyň üçin ar alşymam bir gör” diýip, gazap bilen patyşanyň üstüne ugrapdyr.
Muny görüp, imany başyndan uçan patyşa ysmazlygyny-beýlekini ýatdan çykaryp, ýatan ýerinden towsup galypdyr we gyzyl däli bolup görünýän tebipden gaçmaga başlapdyr.
Dana tebip köşkden garawullar çozup girmeziniň öň ýany gaçyp çykypdyr.
Ysmazlykdan saplanan patyşa özüniň şol ýagdaýda diňe şeýle usulda bejerilip biljegine hem tebibiň muny ýörite edendigine düşünmän galanmyş.
Halk rowaýaty
Günleriň bir güni Aly bilen Hasan aýy awlamaga gidipdir.
Olar dört günläp yksalar-da, aýy tapyp bilmändirler. Ýöne olar her gije golaýdaky obalaryň birinde ýatyp, myhman alanlara tutjak aýylarynyň derisini paýlaşmagy wada beripdirler. Aýy awunyň bäşinji güni äpet bir aýy peýda bolupdyr. Aly gorkusyndan titräp, dostuna: “Men-ä bul aýyny awlamaga het edip biljek däl” diýipdir.
Hasan dostunyň sözüne gülüp: “Gorkam, ony özüm bir zat ederin” diýip, oturan ýerinden gabarypdyr.
Onsoň Aly çalasynlyk bilen golaýdaky agaja dyrmaşypdyr. Hasan bolsa, ýaragyny häzirläp, aýa garaşmaga durupdyr. Aýy yňraljyrap golaýladygyça, Hasanyň jany toşaba dönüp, gözleri hanasyndan çykara gelipdir. Ýöne ol şonda-da tüpeňini somlap, aýyny mazalyja nyşana almaga synanypdyr. Ýöne ol durkuna galpyldy bolup duransoň, atan oky aýydan pys geçipdir. Şol wagtam
Alynyň ýadyna aýylaryň öli adama zat degmeýäni düşüpdir. Ol lampa özüni ýere goýberipdir we demini alman, öli ýaly bolup ýatypdyr.
Aýy onuň ýatan ýerine gelip, töwerek-daşyny ysgaşdyryp, soňra öz ýoluna gidipdir.
Bu bolan zatlaryň hemmesini agajyň üstunde oturan ýerinden synlan Aly agaçdan syrylyp düşüpdir-de, Hasana sag-aman gutulany üçin göz aýdyň aýdypdyr. Soňam “Aýy seň gulagyňa näme pyşyrdady?” diýip sorapdyr.
- Tutmadyk aýyň derisini satma diýdi – diýip, Hasan ajy ýylgyrypdyr.
Abu Aly al-Ribatiniň hekaýasy
Abdulla al-Razi çöle gidende men oňa ýoldaş boldum. Şonda ol: “Haýsam bolsa birimiz, ýa sen, ýa-da men baştutan hökmünde hereket etmeli” diýdi. Men oňa:
“Seň özüň baştutan bolsaň gowy bolar” diýdim. Ol:
- Onda sen meniň aýdanyma gulak asmaly bolarsyň – diýdi.
- Şol gowy-da, men seniň bir sözüňi iki gaýtalatman – diýip, men onuň bilen ylalaşdym.
Soň ol bir torbany azyk-owkatdan dolduryp, arkasyna aldy.
- Torbany bäri ber, ony men götereýin – diýip, men onuň egnindäki ýüki aljak boldum. Ol:
- Sen baştutan bol diýmänmidiň. Indi meň edenime däl diýmeli dälsiň –diýdi.
Biz şol agşam çagbanyň aşagynda galdyk. Ol tä daň atýança meninň üstume gerlip, ýagyşdan goramak üçin egnindäki çäkmenini maňa çadyr etdi. Men bolsam: “Sen baştutan bol” diýenimden ölenim ibaly boljak eken” diýip, öz-özüme käýinip oturmakdan başga alaç tapmadym.
Şibliniň hekaýasy
Şibli akyl ummanynyň syrly çuňluklaryna aralaşyp, däli hökmünde bir aýratyn jaýa ýerleşdirilipdir. Bu habary eşiden şägirtleri ör-gökden gelip, haýdan-haý
Şibliniň saklanýan ýerine gelipdirler.
- Kim bolarsyňyz? – diýip, Şibli olardan sorapdyr.
- Biz sizi söýüp, yzyňyza eýerýänlerden – diýip, olar jogap beripdirler.
Şibli öz şägirtlerini daşlamaga başlapdyr. Olar gygyryşyp gaçypdyrlar hem:
“Aýdylýanlar çyn eken, Şibli hakykatdanam däliräpdir”diýipdirler.
Şondan soň Şibli olaryň yzyndan gygyrypdyr: “Siz meni söýýäs diýmänmidiňiz? Birki sany daşa çydaman ökje göterýäňizmi? Siziň ol çyn ýürekden çykan söýgiňize nä döw çaldy? O söýgi iki tokga daş üçin uçdy ötägitdimi? Eger siz meni hakykatdanam söýen bolsaňyz, menden ýeten sähelçe rahatsyzlyga döz gelmän, yzyňyzy garaman gaçmazdyňyz.”
Iňlisçeden terjime, 16-njy iýun, 2003. Praga.
()