Akyl däneleri
[[“Azatlyk hiç wagt hökümetden gaýtmaýar. Ol hemişe hökümetiň gol astyndakylardan gaýdýar. Azatlygyň taryhy göreşiň, garşy durmagyň taryhydyr. Azatlygyň taryhy hökümet ygtyýarlyklaryny artdyrmagyň däl, kemeltmegiň taryhydyr.”] Woodrow Wilson, ABŞ-nyň 28-nji prezidenti]
[[“Azatlyk hiç kime getirlip berilýän närse däl, ol adamlaryň özleriniň baryp alýan zady we halk näçe islese, şonça-da erkin ýaşar.”] James Baldwin]
[[“Sözleriň ýykmak, ýumurmak häsiýeti hem, dikeltmek gylygy-da bar. Aýdylýan sözler çyn hem ýürekden bolanda, olar dünýäni-de özgerdir biler.”] Budda]
[[“Bu dünýede sen öz erkinligiňi diňe özgeleriňem azatlygyny goramak arkaly gorap bilersiň. Sen diňe meň azatlygymda azatsyň.”] Clarence Darrow, amerikan aklawçysy]
[[“Adamyň güýçli ýa gowşak, baý ýa garyp, akylly ýa akmak bolmagy köplenç onuň doglan ýerine we daş-töwregini gurşap alan ýagdaýa bagly. Ýöne adamyň gowy ýa erbet, dogruçyl ýa bozuk bolmagy onuň öz erk-islegine bagly.”] Talmud]
[[“Diktaturanyň iň gowy ýaragy ýaşrynlyk, ýapyklykdyr. Tersine, demokratiýanyň iň gowy ýaragy aç-açanlykdyr.”] Niýels Bohr]
[[“Demokratik döwletiň düýp esasy azatlykdyr.”] Aristotle]
[[“Körleriň ýurdunda ýekegöz patşadyr.”] Desiderius Erasmus][[“Azatlyk daragty wagtal-wagtal watançylaryň we zalym hökümdarlaryň ganyna suwarlyp durmalydyr.”] Thomos Jefferson]
[[“Howpsuzlygy biraz berkitmegiň hatyrasyna birneme azatlykdan el çekýän jemgyýet bularyň hiç birine mynasyp däldir we ikisini-de ýitirer.”] Benjamin Franklin][[“Bilmeýän we öz bilmeýänini bilmeýän adam akmakdyr, beýle kişiden gaça dur. Bilmeýän we öz bilmeýänini bilýän adam gögeledir, oňa öwret. Bilýän, emma öz bilýänini bilmeýän adam ukudadyr, ony oýar. Ýöne bilýän we öz bilýänini bilýän adam akyldardyr, onuň yzyna eýer.”] Halk pähimi][[“Akylly-başly adamlaryň kiçijik bir topary dünýäni özgerder diýseler, hiç ynanmazlyk etme. Hakykatda bu olaryň ömür edip gelen zadydyr.”] Margaret Mid, amerikan antropology][[“Eger ynsanyň göwnünde nur-ýagtylyk bolsa, oňa bir üýtgeşik görkanalyk ýardyr. Eger adam şol gözellikden paýyny alan bolsa, onuň öýünde-de huzur, sazlaşyk bardyr. Eger öýde, maşgalalarda sazlaşyk bolsa, ýurdam abadandyr. Eger ýurt abadan bolsa, dünýede parahatçylyk bolar.”] Hytaý nakyly][[“Germaniýada ilki kommunistleriň kastyna çykdylar, men sesimi çykarmadym, çünki kommunist däldim. Soň ýewreýleriň ökjesine mündiler, ýene dil ýarmadym, sebäbi ýewreý hem däldim. Soňra profsoýuz tarapdarlaryny çöpläp başladylar, ýene jyňkymy çykarmadym, sebäbi olardanam däldim. Ondan soň katolikleri gyran-jyran edip başladylar, ýene dymdym, çünki protestantdym. Soň olar meniň yzymdan geldiler, bu gezek dil ýaraýyn diýende-de hiç kes galmandy.”] Martin Nimoller, nemes ruhanysy]
()