Ýusup Juma, özbek şahyry
Kerimowyň habary ýok
Bir merhumy jaýlamaga ýygnanan mähelle ýurtdaky gymmatçylyk, nähak işler we öldürilýän adamlar hakynda gürrüň etdi. Biri «Bu zatlardan biçäre Kerimowyň habary ýok» diýdi. Mähelle tassyklady: «Dogry» diýdi.
Garyp halkyň ýokdur nany,
Balasynyň şekeri ýok.
Arman bilmez ýurt soltany,
Kerimowyň habary ýok.
Töreleri nebse nöker,
Hak diýen bir nökeri ýok.
Şaha agyr, şa bihabar,
Kerimowyň habary ýok.
Bu topragyň ot almadyk
Bir oba, bir şäheri ýok.
Bir kürsi ýok it almadyk,
Kerimowyň habary ýok.
Haýp, tutmaz iliň duzy,
Haýp, gögüň serweri ýok.
Şa şalyga saýlar özün,
Kerimowyň habary ýok.
Ertekisin okaň tekrar,
Beýle açgöz aždary ýok.
Andijany ýakdy täçdar,
Kerimowyň habary ýok.
Zulum tarhan, erk bendi,
Soňsuz tümlük, säheri ýok.
Ile gyrgyn saldy Yslam,
Kerimowyň habary ýok.
Bentler
Humdaky ataş idim,
Humdan çykardy zyndan.
Hindäki ýolbars idim,
Hinden çykardy zyndan.
Syndyrdym diýme zynhar,
Başyňda kasasym bar.
Gyndaky gylyç idim,
Gyndan çykardy zyndan.
***
Patyşamyz parany ýagşy göredi,
Il rysgalyn jübä urup ýöredi.
Gözi aç, hatda bir sorguç görkezseň,
«Sordur» diýip, agzyn açyp durady.
Özbekçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.
()