Tatar şahyry Gabdulla Tukaýdan (1886-1913) iki goşgy
Dumadaky sagçy deputatlaryň we reaksion metbugatyň tatarlara Türkiýä göçmegi teklip etmegine jogap hökmünde ýazylan goşgy.
Gitmeris
Munda dogduk, munda ösdük, munda solarys bir gün,
Şu ýurt bile jan-tendiris, bolmarys diri sürgün.
Iň beýik maksat, arzuw –azat bolsun Russiýa!
Biz gitmeris, diliň çeýnäp, göç git diýme, rusiýah!*
Gara ýüzler bize bolmaz işi teklip etdiler:
Göç soltanyň ýurduna, gutull diýip itdiler.
Gitmeris biz, sebäp onda az bolmaz asla dowul,
On satlyga derek öňki tapylar on bäş şugul.
Parhy näme, munda kazak awy eýledi aşyň,
Onda nöker çüri telpek, gamçysy ýarar başyň.
Belli, gazna uran entek ýat ilde-de tapylýar,
Olar ajyň döwüm nanyn almak üçin topulýar.
Ýurdumyzy taşlap gidip, azaşdykmy akyldan?
Kime derkar otdan gaçyp, ýalna düşüp ýakylma?
Biz göçeris, biziň bile göçse mundan şäherler,
Asyrlaň gatynda galan ýyllar awy-zäherli.
Munda dogduk, munda ösdük, munda solarys bir gün,
Şu ýurt bile jan-tendiris, bolmarys diri sürgün.
Iň beýik maksat, arzuw – azat bolsun Russiýa!
Biz gitmeris, diliň çeýnäp, göç git diýme, rusiýah!
Bu bir açyk, aýdyň jogap, dildenem däl, ýazmaça:
Size gowy bolsa onda, başlaň mundan göç-göçe!
*Rusiýah -- gara ýüz diýmekdir (parsça) (G.Tukaýyň belligi).
Ene dilim
Eý, dogduk dil, ene dilim, ata-babamyň dili,
Dünýäde köp närse bildim seniň sözleň arkaly.
Ilkibaşda ejem seni açdy maňa hüwdiläp,
Soňra enem ertekide berdi bar zady eläp.
Eý, dogduk dil, heran-haçan ýardamyň bilen seniň,
Kiçilikden belli boldy şatlygym, gaýgym meniň.
Ilki sende doga etdim, agy aýryp garadan:
Ýalka enem-atamy, hemem özüm, ýaradan!
Azatlyk radiosy üçin tatarçadan we rusçadan türkmençä geçirildi.
()