Andreý Woznesenskini ýatlap...
Geçen hepde (1-nji iýunda) şahyr Andreý Woznesenskiniň aradan çykanyny eşidip, men öz hyýalymda 25 ýyl gowrak yza, Türkmen döwlet uniwersitetini tamamalap (1982), döredijilik atly külpetli ýoluň çetinden giren ýyllaryma dolandym. O ýyllar Ýewtuşenko, Woznesenskiý ýaly şahyrlar, Aýtmatow, Rasputin, Astafýew, Şukşin ýaly ýazyjylar biz üçin ullakan nusgady. Bu nusga bizi “Literaturnaýa gazeta” ýaly Moskwada, Leningradda çykýan edebi neşirleriň bir toparyny ýazylyp almaga hem aldygyna okamaga, merkezdäki edebi tendensiýlary yzarlajak, biljek bolmaga “mejbur” edýärdi.
Dogrusyny dogry aýtmaly, şol döwürde Moskwanyň iň bir çet, galyberse pagta öndürýän kolonosiýasynda şu günki garaşsyz Türkmenistandakydan has kän kitap çap edilýärdi. Gazet-žurnallar, radio-telewideniýe hem, zensuranyň kütek gaýçysynyň “mydama taýýardygyna” garamazdan, şu günkiden has erkindi. Ýöne biz, “1980-nji ýyllaryň edebi nesli” diýilýänler türkmen dilinde çykýan zatlar bilen kanagatlanmaýardyk. Onsoň, kitap satylýan dükanlardan, ýa-da kitap söwdasynyň respublikan edarasyndan tanyş gözläp, merkezde çykýan seýrek kitaplary ilki bolup aljak, edinjek bolýardyk (Şeýle usulda edinilen kitaplaryň birini, Welimir Hlebnikowyň goşgular ýygyndysyny özüm okamaga ýetişmäkäm bir şahyryň 50 ýaş toýuna sowgat edenime soň kän ökünipdim!). Ýogsam, oba mekdebinde, okuw wagynyň köpüsini gowaça meýdanlarynda geçiren, gyşyna idili ýyladylmaýan mekdepkeri gutaran oba çagalary üçin rus dilinde goşgy okamak hem ol goşgularyň çuňlugyna, gözelligine aralaşmak aňsat däldi.
Andreý Woznesenskiý, Ýewgeniý Ýewtuşenko, Robert Roždestwenskiý dagy 1960-njy ýyllaryň döreden ýa dogran edebi neslidi. Has anygy, olar 1953-nji ýylda Staliniň ölmegi we biraz soň Nikita Hruşewiň stalinçilik zulmaty paş etmegi bilen dörän “syýasy maýylganlygyň” perzentleridi. Elbetde, soň bu “maýylganlyk”, “üýtgedip gurmak” döwrüniň termini bilen aýtsak, “durgunlyga” ösüp geçdi. Ýöne şol “maýylganlyk” 1980-nji ýyllaryň “aç-açanlygyna” köp babatda esas taýýarlapdy.
Biziň neslimiz Woznesenkini “aç-açanlyk” bilen kabul edipdi. Ol günler biz üçin umytdan, arzuwdan doly günler bolupdy. Hut şol arzuwçyl ýaşlygyň süýji ýatlamalry hem meni ýene bir gezek Wozneskiniň goşgularyny okamaga imrindirdi (1998-nji ýylda Moskwadan Bergene uçup gidelim bäri rusça ne gazet, ne kitap satyn alypdym!). Onsoň, internete girip, 25 ýaşly ýigit wagtym “Literaturnaýa gazetada” çap edilen goşgularyny gaýta-gaýta okan şahyrymyň goşgularyny tapdym. Şol goşgularyň käbirini öz okyjylarym bilen hem paýlaşasym gelensoň, olary rusçadan türkmençä geçirdim. Bu goşgularyň terjimesi Türkmenistandaky edebi boşlugy doldurmaga yjypsyzja-da bolsa ýardam bolar diýip tama edýärin.
Andreý Woznesenkiniň goşgulary
Düýş
Bizi ýene duşurdy ýol,
ýük maşyny aldy durup.
Ýene yşka uzatdyk gol,
meni tanamadyň görüp.
Soň meni äkidip öýňe,
ýene-de jan sardyň jana.
Ýyllarboýy ýaşaşsagam,
sen meni bilmediň tanap.
Synlasaň
Görseň, başyna gören deý,
örňäp, ösüp barýandyr şer.
Şükür, başy ölümli biz,
baryn görmä ýetmez ömür.
Baksaň, gunça açyp, parlap,
gül örter zeminiň ýaryn.
Şükür, başy ölümli biz,
zaýalap bilmeris baryn.
Şahyr bolman bolar
Şahyr bolman bolar, ýöne,
düşün, şuňa çatsa bognuň;
çydap bolmaz çygyrşyna, --
gapy gapjan nur zolagnyň.
Öz-özüňi aklama
Öz-özüň aklamak hökman däl, jübüt
maýmyn däl biz, ýedi dürli öwüsýän.
Aklyň çatmaz näme aýdyp-diýjegňe.
Jan-jiger bilýär-ä baryn,
näme düşündirjek oňa?
Goşgular rusçadan terjime edildi.
()