Surat

Aşyk Weýselden bir goşgy

Dostlar meni hatyrlasyn

Men giderin, adym galar,
Dostlar meni hatyrlasyn.
Toý tutular, baýram bolar,
Dostlar meni hatyrlasyn.

Jan kapasda durmaz, uçar,
Dünýä bir han, gonan göçer,
Aý dolanar, ýyllar geçer,
Dostlar meni hatyrlasyn.

Jan bedenden aýrylajak,
Tütün çykmaz, ýanmaz ojak,
Salam bolsun gujak-gujak,
Dostlar meni hatyrlasyn.

Ne gelsemdi, ne giderdim,
Günden güne artdy derdim,
Garyp galar ýerim-ýurdum,
Dostlar meni hatyrlasyn.

Açylar hem solar çeçek,
Kim gülmüş, kim indi güljek,
Myrat ýalan, ölüm gerçek,
Dostlar meni hatyrlasyn.

Gün ikindi, agşam bolar,
Gör ki başa neler geler,
Weýsel gider, ady galar,
Dostlar meni hatyrlasyn.
Türkçeden türkmençä golaýladyldy.

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019