Ýazyjylyk we ýazyp bilmek barada aýdylanlardan

[[What one writer can make in the solitude of one room is something no power can easily destroy.] Salman Rushdie][[Bir ýazyjynyň bir otagda ýekelikde döreden zadyny hiç bir güýç aňsat ýok edip bilmez.] Salman Ruşdi]

---

[[The role of a writer is not to say what we all can say, but what we are unable to say.] Anis Nin][[Ýazyjynyň wezipesi biziň hemmämiziň aýdyp bilýän zadymyzy aýtmak däldir, eýsem biziň aýdyp bilmeýän zadymyzy aýtmakdyr.] Anis Nin]

---

[[Don’t tell me the moon is shining; show me the glint of light on broken glass.] Anton Chekhov][[Maňa aýyň şöhle saçýanyny aýtma, onuň nurunyň döwülen jäçdäki şuglalaryny görkez.] Anton Çehow]

---

[[For me, a page of good prose is where one hears the rain and the noise of battle.] John Cheever][[Meniňçe, gowy kyssa sahypasy ýagyş şybyrdysyny we söweş gowgasyny eşidip bolýan ýerdir.] Jon Çiwer]

---

[[Most editors are failed writers – but so are most writers.] T.S. Eliot][[Redaktorlaryň köpüsi ýazyjy bolup bilmedik ýazyjylardyr, ýöne ýazyjylaryň hem köpüsi şeýledir.] T. S. Eliot]

---

[[Pen names are masks that allow us to unmask ourselves.] C. Astrid Weber][[Edebi lakamlar bize öz ýüzümiziň perdesini syrmagymyza şert döredýän örtgülerdir.] S. Astrid Weber]

---

[[An author in his book must be like God in the universe, present everywhere and visible nowhere.] Gustave Flaubert][[Kitabyň awtory öz kitabynda barlykda hudaýyň bolşy ýaly bolmalydyr, hemme ýerde bolmaly we hiç ýerde görünmeli däldir.] Gustaw Flabert]

---

[[If I fell asleep with a pen in my hand, don’t remove it – I might be writing in my dreams.] Danzae Pace][[Eger men elim galamly uklasam, ony elimden aýyrmaň, meniň düýşümde hem ýazmagym mümkin.] Danzae Pace]

---

[[Dancing in all its forms cannot be excluded from the curriculum of all noble education; dancing with the feet, with ideas, with words, and, need I add that one must also be able to dance with the pen.] Friedrich Nietzsche][[Döwrebap okuw programmasyndan tans etmegiň hiç bir görnüşi aýrylyp bilmez; aýakda tans etmek, pikirler, sözler bilen tans etmek we meniň muňa adamyň galam bilen tans etmegi hem başarmalydygyny goşmagym gerekmi.] Friedrich Nietzsche]

---

[[Writing is a socially acceptable form of schizophrenia.] E. L. Doctorow][[Ýazmak däliligiň sosial taýdan kabul ederlikli görnüşidir.] E. L. Doktorow]

---

[[You must stay drunk on writing so reality cannot destroy you.] Ray Bradbury][[Sen ýazmakdan serhoşlugyna galmalysyň, şonda reallyk seni ýok edip bilmez.] Ray Bradbury]

---

[[If my doctor told me I had only six minutes to live, I wouldn’t brood. I’d type a little faster.] Issac Asimov][[Eger doktor maňa diňe alty minutlyk ömrümiň galanyny aýtsa, men gaýga batyp oturman, has çaltrak ýazmaga çalşardym.] Issak Azimow]

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019