Gahrymanlar we gahrymançylyk barada

[[Unhappy the land that is in need of heroes.] Bertolt Brecht ][[Gahrymanlara mätäç ýurt betbagtdyr.] Bertolt Brecht]

---

[[A hero is a man who is afraid to run away.] English proverb][[Gahryman gaçmakdan gorkan adamdyr.] Iňlis nakyly]

---

[[A hero is no braver than an ordinary man, but he is braver five minutes longer.] Ralph Waldo Emerson][[Gahryman adaty adamlardan biraz batyrrakdyr, ýöne ol bäş minut artyk batyrrakdyr.] Ralph Waldo Emerson]

---

[[The main thing about being a hero is to know when to die.] Will Rogers][[Gahryman bolmakda esasy zat haçan ölmelidigini bilmekdir.] Will Rogers]

---

[[You cannot be a hero without being a coward.] George Bernard Shaw][[Sen gorkak bolman gahryman bolup bilmersiň.] George Bernard Shaw]

---

[[A coward gets scared and quits. A hero gets scared, but still goes on.] Unknown Source][[Züwwetdin gorkýar we ýan berýär. Gahryman gorkýar, ýöne şonda-da ýoluny dowam etdirýär.] Nämälim çeşme]

---

[[A big man has no time really to do anything but just sit and be big.] Unknown Source][[Ägirt adamyň diňe oturyp ägirt bolaýmakdan başga zat etmäge wagty bolmaýar.] Nämälim çeşme]

---

[[A hero is someone right who doesn’t change.] George Foreman][[Gahryman bir bolşundan üýtgemeýän kişidir.] George Foreman]

---

[[All our lives we fought against exalting the individual, against the elevation of the single person, and long ago we were over and done with the business of a hero, and here it comes up again: the glorification of one personality. This is not good at all. I am just like everybody else.] Vladimir Ilyich Lenin][[Biz bütin ömrümizde şahsyýeti öwmegiň, bir adamy götergilemegiň garşysyna göreşdik we gahrymançylyk işini birmahal geçdik, ýöne ol, bir adamy götergilemek ýene öňümizden çykýar. Bu asla gowy zat däl. Menem edil özgeler ýaly adam.] Vladimir Ilyich Lenin]

---

[[Be your own hero, it’s cheaper than a movie ticket.] Doug Horton][[Özüň öz gahrymanyň bol, bu kino biletinden hem arzanrak.] Doug Horton]

---

[[One murder makes a villain, millions often a hero.] Bishop Porteous][[Bir adamy öldürmek jenaýatçy edýär, million adamy öldürmek bolsa köplenç gahryman edýär.] Bishop Porteous]

---

[[Show me a hero and I will write you a tragedy.] Anonymous][[Maňa gahrymany görkez, men saňa tragediýa ýazaýyn.] Nämälim çeşme]

---

[[We can’t all be heroes, because somebody has to sit on the curb and clap as they go by.] Will Rogers][[Biziň hemmämiz gahryman bolup bilmeýäris. Sebäbi kimdir birleri depede oturyp, olar geçende el çarpmaly.] Will Rogers]

---

[[My heroes are and were my parents. I can’t see having anyone else as my heroes.] Michael Jordan][[Meniň gahrymanlarym meniň ene-atam. Men başga hiç bir adamy öz garymanym hökmünde görmeýärin.] Michael Jordan]

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019