Kemal Beýatly
Kerkukdan gelen hat
Bir garaňky gije hoş diýdik size,
Gapylarmyz açyk taşlap arkada,
Çyraň yşygyna galgadyp elmiz,
Köçe-köçe, ädim-ädim,
Gezegine hopba edip göterdik,
Ýol uzak, ýorulmaň diýip,
Biz sizi ugratdyk,
Gitdiňiz, haýp...
Onsoň habaryňyz kesildi, galdy,
Başda ýolda öldi çakladyk sizi,
Ýa daglaryň arasynda azaşyp,
Gider ýolun bilmän, ýitdiler diýdik,
Ýa-da gurda-guşa şam bolup galyp,
Panydan bakyýa ötdüler diýdik.
Soňsuz gara pikir bilen,
Gije gara düýşler bilen boguşdyk.
“Bolar beýle zatlar” diýdik.
Bu dawa, bu maksat hatyrasyna
“Bolar beýle işler” diýdik,
Özümize sütem etdik, gynadyk,
A soň garynja-da syzdyrman, ýuwaş,
Maksat hatyryna, ýurt hatyryna,
Adyňyzy ýazdyk şehit depderne.
“Diri, ýaşaýarlar...”
Geldi hoş habar,
Çäksizdi begenjimiz.
Arkadaşlar öýden-öýe
Buşlukçy, çapar gönderdi.
Depelere çykdyk ýüwrüp,
Gezek, nobatyna
Göz dikdik ýola,
Pyşyrdymyz eşitdirmän şemala,
Biz size garaşdyk, geljek hamala.
Metjitlerde el göterip, siz üçin,
Uzyn-uzyn doga-dileg edildi,
Döküldi gözlerden katra-katra ýaş,
Sallançakda ýatan bäbek aglasa,
Üwränimiz bilen diňmedi asla,
Emma hüwdülesek ýat edip sizi,
Hiç diňmeýän çaga sesini kesip,
Ýatýardy myslap,
Çünki bir zatlary umyt edýärdi,
Şeýle umyt bilen garaşdyk esli.
Soňra,
Ah, bu “soňra” bolmasady hiç,
Ýa-da ony eşitmedik bolsadyk,
Bilmedik bolsadyk owal-ahyr-giç.
Käşgä bu habary getirýän kişi,
Ýolda ýolun ýitirip,
Bir jülgede gaýyp bolan bolsady,
Hem şu “soňra” bize ýetmän galsady.
Eşitdik,
Biriňiz ýahtadan örýär,
Gyzyl, ýaşyl çyralaryň astyndan.
O biriňiz ertir-agşam saýgarman,
Barlaryň hezilin, keýpin öwrenýär.
O başgaňyz geýip gedaý papagyn,
Parklarda ýatyp-turýarmyş, aman.
Biz bir nany bölüşýärkäk bäş bolup,
Utandyk eşidip birek-birekden
Duz-çöregňiz gizläniňiz gomalyp...
Bu ýerde birleri biziň kimligmiz,
Ykbalymyz bilen oýnaýan wagty,
Siz onda meýletin berip menligiňiz,
Awara, awara gezýärmişiňiz.
Biz munda asylgy boýny syrtmakly,
Siz onda towusyp bir ýüpden başga,
Eşitdik, üç ýüpde oýnaýarsyňyz.
Hamala bu ýerli däl ýaly asla,
Bar zady unydyp, gitdiňiz taşlap.
Bozuk däldi siziň emen süýdüňiz,
Bozuk däldi siziň maýaňyz ýa-da,
Size näme boldy, haýsy döw çaldy,
Neneň edip ýoldan düşdüňiz ýoda?
Size näme boldy, nirde ýitdiňiz,
Sürüden aýrylyp, ýüpi üzülen
tesbi kibi, dargap, dagap gitdiňiz.
Hany siziň içen kasam-antyňyz,
“Topragynyň her zerresi dünýä deňdir, Kerkugym” --
Diýenler hany?
Hany Kurana el goýup,
“Ölmek bar, dönmek ýok” diýenler bärde,
Bir palta sap bolman, galdyňyz nirde?
Kerkugy her demde ýatlamsaňyz,
Kerkuk düýşüňize girip durmasa,
Kerkuk üçin ädilmese her ädim,
Ýüregiňiz Kerkuk diýip urmasa,
Eger-eger sizden bolmarys yrza,
galmarys yrza...
Stambul, 2001. Türkçeden türkmençä geçirildi.
()