Azgyny aýan ýagşa ýara salar

Senekanyň pähimlerinden

An unpopular rule is never long maintained.
Halanmaýan düzgün hiç wagt uzaga gitmez.

Be silent as to services you have rendered, but speak of favors you have received.
Öz eden hyzmatlaryňy dile alma, emma özüňe edilen ýazgşylyklary aýt.

Be not too hasty either with praise or blame; speak always as though you were giving evidence before the judgment-seat of the Gods.
Öwmäge-de, döwmäge-de howlukma; hemişe Hakyň öňünde hasabat berýän ýaly gürle.

Difficulties strengthen the mind, as labor does the body.
Zämetiň bedeni güýçlendirişi ýaly, kynçylyklar beýnini berkidýär.

He who spares the wicked injures the good.
Azgyny aýaýan ýagşa ýara salýar.

I shall never be ashamed of citing a bad author if the line is good.
Eger setir gowy bolsa, men erbet ýazyja salgylanmakdan hiç utanmaryn.

If a man does not know to what port he is steering, no wind is favorable to him.
Eger adam haýsy porta barýanyny bilmese, hiç ýel oňa ugurdaş däl.

It is a great thing to know the season for speech and the season for silence.
Gürlemeli we gürlemesiz ýerleriňi bilip bilmek beýik zat.

It is not because things are difficult that we do not dare; it is because we do not dare that they are difficult.
Biziň het edip bilmezligimiz zatlaryň kyn bolanlygy üçin däl; olar biziň het edip bilmezligimiz zerarly kyn.

It is the sign of a weak mind to be unable to bear wealth.
Baýlygy göternip bilmezlik akylyň ýukalygynyň alamaty.

Most powerful is he who has himself in his own power.
Özüne erk edip bilýän iň güýçli adamdyr.

No one can wear a mask for very long.
Hiç kim gaty uzak maska geýip bilmez.

Nothing deters a good man from doing what is honorable.
Gowy adam gowulyk etmekden hiç zat saklap bilmez.

The first step towards amendment is the recognition of error.
Düzedişe tarap ädilen ädim ýalňyşyň boýun alynmagydyr.

Wealth is the slave of a wise man, the master of a fool.
Baýlyk akylly adamyň guly, akmagyň hojaýynydyr.

The most onerous slavery is to be a slave to oneself.
Gulçulugyň ýamany öz-özüňe gul bolmakdyr.

It is not the man who has too little, but the man who craves more, that is poor.
Az zatly adam däl, eýsem has kän zat isleýän adam garypdyr.

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019