Açgöz bilen görip

Ady belli açgöz adam bilen ýakasy gaýyşly göribiň öňünden ýurduň patşasy çykyp, şeýle diýen:
“Siziň biriňiz menden göwnüňiziň islän bir zadyny sorasaňyz, men ol islegi ýerine ýetirjek hem-de beýlekiňize şol berlen zadyň iki essesini eçiljek.”
Görip ilki bolup zat soramak islemändir. Sebäbi beýtse, ýanyndaky ýoldaşy oňa iki esse köp zat aljak. Açgözem ilki bolup zat soramak islemändir, sebäbi ol ähli zadyň diňe özüne berilmegini isläpdir. Açgöz göribi gyssap, ahyry ony patşadan ilki bolup dileg etmäge yrypdyr. Görip patşadan öz iki gözüniň birini köwlemegi sorapdyr.

Solomon Schimmeliň “Ölümlikli ýedi günä” kitabyndan terjime edildi.

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024