Söz we iş
Bir gezek Nabeşima Aki no kami Şigemasa naharyny ortalaberende biri ony görmäge gelipdir-de, ol naharyny şo durşuna goýup, daş çykmaly bolupdyr. Muny gören hyzmatçylaryň biri saçak başyna geçip, onuň gutarman giden gowrulan balygyny iýmäge başlapdyr. Şol wagtam Aki han yzyna dolanyp gelipdir we öz naharyny iýip oturan hyzmatkäre gözi düşüp, aňk-taňk bolupdyr. Hyzmatçy aljyrap, turup gaçypdyr. Aki han onuň yzyndan ýumgugyny salgap gygyrypdyr: “Sen nähili ergeneksiz haýwan ekeniň, biriniň iýip oturan naharyny iýmäge neneň edip keşdiň çekdi?” Soň ol saçagyň başyna geçip oturdy-da, galan balygy iýdi.
Yamamote Tsunetomonyň “Hagakure” kitabyndan.
()