Bir gezek ýalňyşan howplumy ýa hiç wagt ýalňyşmadyk?

Bir adamyň wezipesini ulaltjak bolup ýygnanyşan geňeş agzalary onuň bir gezek içip, serhoş halda darkaşa girenini bilipdirler hem öz kararlaryndan el çekmekçi bolupdyrlar.

Şol wagt biri şeý diýen: “Eger biz her ýalňyşan adamy kyhlap, gyra zyňyp dursak, aňsat elinden iş gelýän adamyň üstünden barmasak gerek. Geçmişde bir gezek ýalňyşan adam has jogapkärçilikli we peýdaly bolýar, sebäbi ol toba edýär. Men bu adamyň wezipesi ulaldylmaly diýip pikir edýärin.”
Bu sözden soň oňa başga biri şeýle sorag beripdir:
“Sen oňa kepil geçip bilermiň?”
“Elbetde, men oňa kepil geçerin” diýip, sorag berlen adam jogap beripdir.
Onsoň beýlekiler ondan “Sen oňa näme esasynda kepil geçjek?” diýip sorapdyrlar.
Ol adam bu soraga şeýle jogap beripdir:
“Men oňa ozal bir gezek ýalňyşan adam bolanlygy üçin kepil geçjek. Sebäbi hiç wagt ýalňyşmadyk adam howply bolýar.”
Bu gepden soň öň ýalňyşan adamyň wezipesi ulaldylypdyr.

Yamamoto Tsunetomonyň “Hagakure” kitabyndan.

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024