Adam hukuklary näme?

I disapprove of what you say, but I will defend to the death your right to say it. Francois Marie De Voltaire

Men golaýda internetde BMG-nyň “Youth for Human Rights International” proýektiniň Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasy boýunça çagalar üçin taýýarlan broşýurasynyň üstünden bardym-da, bu broşýura türkmençä geçirilse peýdaly bolar diýip pikir etdim we aşakda terjimesi berilýän broşýura üçin hanym Mary Shuttlewortha sag bolsun aýdýaryn.

Sen öz adam hukuklaryň bilen doguldyň. Olary öwren, bil hem özgelere öwret.

1. Biziň hemmämiz azat doglan. Biziň hemmämiziň öz pikirlerimiz we ideýalarymyz bar. Biziň hemmämize deň çemeleşilmeli.
2. Biziň dürli-dürlüdigimize garamazdan, adam hukuklary her bir adama degişli.
3. Biziň hemmämiziň ýaşamaga, azat hem howp-hatarsyz ömür sürmäge hukugymyz bar.
4. Hiç kimiň bizi gul etmäge haky ýok. Biz hiç kimi özümize gul edinip bilmeýäris.
5. Hiç kimiň biz agyrtmaga ýa-da bizi gynamaga haky ýok.
6. Biziň hemmämiziň kanuny ulanmakda deň hukugymyz bardyr.
7. Biziň hemmämiz kanun tarapyndan goralýarys. Kanun hemme kişi üçin deň. Ol bize deň gözde garamaly.
8. Sudlar adalatly bolmaly. Biz özümize adaltsyz çemeleşilen halatynda kanundan kömek sorap bilýäris.
9. Bizi hiç kimiň esassyz tussag etmäge hem tussghanada saklamaga, ýa-da öz ýurdumyzdan sürgün etmäge haky ýok.
10. Eger biz sud edilsek, ol sud açyk bolmaly. Bizi sud edýän adamlara hiç kim bikanun görkezme bermeli däl.
11. Günäsi subut edilmezden hiç kim jenaýatçylykda günälenip bilinmez. Eger-de bir erbetlikde aýyplansak, biziň bu aýyplamanyň nädogrydygyny subut etmäge hakymyz bar.
12. Her bir adamyň husysy durmuşa haky bar. Hiç kim biziň at-abraýymyza şek ýetirmeli däl. Doly kanuny esas bolmazdan hiç kim biziň öýümize girip, hatlarymyzy açyp, bize we biziň maşgalamyza azar berip bilmez.
13. Biz hereket etmekde azatdyrys. Biziň öz ýurdumyzyň içinde gidesimiz gelen ýere gitmäge we isleýşimiz ýaly syýahat etmegä hakymyz bar.
14. Biziň gaçybatalaga soramaga hakymyz bar. Eger-de öz ýurdumyzda ýaramaz daraşylmagyndan gorkýan bolsak, biziň hemmämiziň howpsuzlyk üçin başga bir ýurda gaçmaga hukugymyz bar.
15. Biziň ýurda raýat bolmaga hakymyz bar.
16. Kämillik ýaşyna ýeten islendik adamyň öz islegine görä öýlenmäge, durmuşa çykmaga we maşgala gurmaga haky bar. Maşgala guranlarynda we aýrylyşanlarynda aýal bilen erkegiň hukugy deň.
17. Her kimiň ýekelikde we bilelikde hususy emläk edinmäge haky bar. Kanuny esassyz hiç kim biziň emlägimize el urup bilmez.
18. Biziň pikir etmäge hakymyz bar. Biziň hemmämiziň öz isleýän zadymyza ynanmaga, dini ynanja we eger islesek ol ynanjy çalşyrmaga hukugymyz bar.
19. Biziň hemmämiziň özümizçe netije çykarmaga, öz isleýşimiz ýaly pikir etmäge, öz pikir edýän zadymyzy aýtmaga we öz pikirlerimizi başgalar bilen bölüşmäge hukugymyz bar.
20. Biziň öz dostlarymyz bilen duşuşmaga we asudalykda öz hukuklarymyzy goramak üçin bilelikde işlemäge hukugymyz bar. Hiç kimiň bizi öz islemeýän toparymyza goşulmaga mejbur etmäge haky ýok.
21. Biziň hemmämiziň ýurduň dolandyrylyşyna gatnaşmaga hukugymyz bar. Ýaşy ýeten her adamyň öz ýolbaşçylaryny saýlamaga gatnaşmaga ygtyýary bolmaly.
22. Her bir adamyň sosial goraga haky bardyr. Biziň hemmämiziň ýaşaýyş jaýyna, saglygymyza seretdirmäge, okamaga, çagalar üçin kömege, eger näsag ýa garry bolsak ýaşaýyş we saglyk ýardamyna hukugymyz bar.
23. Kämillik ýaşyna ýeten her bir adamyň işlemäge, öz işi üçin adalatly hak almaga hem-de professional birleşige goşulmaga hukugy bar.
24. Biziň hemmämiziň işden dynç alşa çykmaga we boş wagta hukugymyz bar.
25. Biziň hemmämiziň gowy ýaşamaga hakymyz bar. Eneler we çagalar, ýaşy bir çene baran adamlar, işsizler we işe ukypsyz adamlar, bularyň hemmesi barada alada edilmeli.
26. Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Başlangyç we orta bilim mugt hem hökmany bolmaly. Hemmeleriň ukybuna görä ýokary bilim almaga, hünär öwrenmäge mümkinçiligi bolmaly.
27. Her kimiň medeni hukugyny we öz awtorlyk edýän zatlary bilen bagly hukuklaryny goramaga haky bar.
28. Biziň öz ýurdumyzda we dünýäniň islendik künjeginde azat-erkin ýaşap bilmegimiz üçin dogry-dürs kada-kanunçylyk bolmaly. Ýagny Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda yglan edilen adam hukuklary berjaý edilmeli.
29. Biz başga adamlaryň öňünde jogapkär, biz olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga borçly.
30. Hiç kim bizden bu hukuklary we azatlyklary alyp bilmez.

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024