Mark Strand (Canada)
Jogaplar
Sen näme üçin ýola çykdyň?
Sebäbi öý sowuk boldy.
Sen näme üçin ýola çykdyň?
Sebäbi gün dogar-ýaşar arada hemişe şeýderdim.
Sen näme geýindiň egniňe onsoň?
Ak köýnek, gök penjek, sary galstuk we jorap.
Sen näme geýindiň egniňe onsoň?
Hiç zat, yza şaly ýyly saklady.
Sen kim bilen ýatdyň gijelerine?
Her gije bir aýal bilen çolaşdym.
Sen kim bilen ýatdyň gijelerine?
Ýeke, sebäp hergiz ýalňyz ýatardym.
Sen näme üçin maňa ýalan sözlediň?
Hergiz dogry sözli saýdym özümi.
Sen näme üçin maňa ýalan sözlediň?
Sebäbi çyn çynaberimsiz ýalan sözleýär we men çyna aşyk.
Sen näme üçin gidýärsiň?
Sebäbi maňa mundan aňryk hiç zadyň kän manysy ýok.
Sen näme üçin gidýärsiň?
Bilemok, men hiç haçanam bilmedim.
Men seň üçin näçe garaşmalykam?
Maňa garaşma. Sebäbi men ýadaw hem ýatmak isleýän.
Sen ýadaw hem ýatmak isleýärsiňmi?
Hawa, men ýadaw hem ýatmak isleýän.
Iňlisçeden terjime.
()